
Bedew — biziň buýsanjymyz
Türkmen halky bedewe aýratyn sarpa goýýar. Olar nusgawy edebiýatymyzda «uçmahy bedew», «behişdi bedew», «suw aty», «asman aty» ýaly atlar bilen gabat gelýär. Türkmen halk döredijiliginiň žanrlarynda bolsa ynsan ýaly düşbi, syzgyr bedewleriň täsin çeper keşpleri döredilipdir. Orta asyryň beýik dilçisi Mahmyt Kaşgarly «Alp äri ýamanlatma, // Ýüwrük aty ýagyrlatma», «Anduz tapylsa at ölmez, // Uýur bolsa är ölmez», «Atyň yzy oý bolmaz», «It ýarmaz, at depmez diýme», «Taý at çyksa, at dynar, // Ogul är çyksa, ata dynar», «Ýazmaz atym ýazylar, // Ýaňylmaz alym ýaňylar» kimin oguz pähimlerini sözlüginde ýerleşdiripdir. Magrupynyň, Şabendäniň, Seýdiniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň we beýleki söz ussatlarynyň döredijiliginde diňe bir uçmahy bedewleriň çeper keşbi däl, eýsem, türkmen halkynyň gadymdan dowam edip gelýän seýisçilik sungatynyň özboluşly aýratynlygy hem çeper beýanyny tapypdyr. Bu bolsa türkmeniň nesil terbiýelemekligiň wajyplygy ýaly, behişdi bedewleri seýisläp ýetişdirmegiň hem durmuş zerurlygy bolandygyny görkezýär. Çünki çeper edebiýat durmuşyň aýnasy, hemme döwrüň edebiýatynda hem ýazyjy-şahyrlar durmuşyň iň bir wajyp meselesi barada gürrüň gozgapdyrlar. Munuň şeýledigine halk arasynda giňden ýaýran Şabendäniň durmuşy bilen baglanyşykly gürrüňlerde at seýislemek bilen bagly düzgünleriň beýan edilmegi, şeýle hem Seýdiniň «Üsti bedewiň», Mollanepesiň «Bedew», «Bedewdir», Mätäjiniň «Bedew» şygyrlaryndaky türkmen bedewi we seýisçilik sungaty barada maglumat berýän setirleri mysal bolup biler. Mätäjiniň: «Ot diýip owmaç dökülgen», «Süýt geler suw wagtyna», «Iým berip, ylagal gurap, Alakemerden aşylan», «Gijeler gezim kylyp, gündiz guýrugy işilen» ýaly setirlerini görkezip bolar.
Gadymy hytaý, grek, arap we ýewropa syýahatçylary, alymlary biziň ýurdumyza gelende türkmen halkynyň ýaşaýşy, gylyk-häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri bilen tanşyp, olara ýokary baha beripdirler. Mertligiň, gahrymançylygyň, watançylygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunda bedewe aýratyn sarpa goýulýandygyny guwanç bilen belläpdirler.
Häzirki zaman edebiýatynda hem bedewleriň çeper keşbini döretmek däbi dowam etdirilýär. Taryhda türkmen halkynyň durmuşynda özüniň ýyndamlygy, edermenligi, duýgurlygy bilen belli bolan bedewleriň çeper eserlerde suratlandyrylan keşbine mysal hökmünde XX asyryň ussat ýazyjysy A.Gowşudowyň «Dordepel» powestindäki Dordepeliň, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndaky Dagarmanyň keşbini mysal getirmek bolar.