TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Getirýär ähli ýollar bu gün Türkmenistana»

«Getirýär ähli ýollar bu gün Türkmenistana»

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Mähriban Watanymyzyň at-abraýynyň barha beýgelýändigine biziň guwanjymyz çäksizdir. Garaşsyz Diýarymyzda halkara ähmiýetli çärelere giň orun berilýär. Döwletimiz iri halkara guramalary, şol sanda BMG, dünýäniň dürli döwletleri bilen hem dostlukly gatnaşyklara, hyzmatdaşlyga uly ýol açýar.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän düýpli işler berkarar döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini belende göterýär. Bu babatda üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkymyzyň taryhynda aýratyn orun eýeleýän ýyl boljakdygy şübhesizdir. Muny şu ýylyň başyndan bäri edilen işleriň netijeleri hem aýdyň görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň biziň ýurdumyzda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi halkymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm waka bolar. Bu möhüm halkara maslahaty 2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgustynda geçirmek meýilleşdirilen. Onuň biziň ýurdumyzda, onda-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň hem özboluşly manysy bardyr. Çünki deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bu babatdaky meselelerini oňyn çözmekde ýurdumyzyň geografik, geosyýasy we geoykdysady ýerleşişiniň iňňän amatly şertleri döredýändigi, aýratynam berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň, kiçi ada döwletleriň hem-de az ösen ýurtlaryň dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny sazlaşykly ýola goýmakda uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki bu foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara maslahatyň Türkmenistanda guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi göz öňünde tutulýar. Şonuň üçinem bu halkara forumyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi berkarar döwletimiziň dünýädäki abraýyny belende götermek bilen bir hatarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň üstüne uly jogapkärçiligi ýükleýändigini aýratyn bellemek gerek. Hut şonuň üçinem, Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz bu halkara foruma taýýarlyk işlerine uly ähmiýet berdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň 2025-nji ýylyň 31-nji marty we 1-nji apreli aralygynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Awazada alnyp barylýan taýýarlyk işleri, Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşyk işleriniň barşy hem-de Balkanabat Halkara howa menziliniň Jebel şäherçesindäki gurluşygy tamamlanyp barýan desgalar bilen tanyşmagy, 1-2-nji maýda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bu günbatar welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça mundan bu ýana durmuşa geçirmeli wezipeleri kesgitlemegi hem-de saparynyň ikinji gününde Jebel şäherçesine baryp, Balkanabat Halkara howa menzilini dabaraly ýagdaýda açmagy maslahata nähili ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň ýakynda Balkan welaýatyna iş saparynda maslahata taýýarlyk işleri bilen jikme-jik tanyş bolup, bu saparyň çäklerinde 13-nji iýulda bu möhüm halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge bagyşlanan maslahaty geçirmegi hem bu foruma taýýarlyga uly yhlas siňdirilýändigini görkezýär. Şonda Gahryman Arkadagymyz çuňňur manyly söz sözläp, bu forumyň giň wekilçilikli, köpugurly waka boljakdygyny nygtap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge ýurdumyzyň her bir raýatynyň, aýratyn-da, her bir ýolbaşçynyň yhlasyny gaýgyrman goşant goşmalydygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly çykyşynda aýratyn belleýşi ýaly, geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugurdan ybarat bolup, olaryň birinjisi halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini, ikinjisi — ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany), üçünjisi — ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, Parlament forumyny, Hususy pudagyň forumyny, Raýat jemgyýetiniň forumyny, Ýaşlar forumyny, Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, Arabaglanyşyk boýunça çäräni içine alýar. Dördünjisi — maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçirilýän, şeýle hem türkmen tarapynyň guraýan ugurdaş çäreleriniň 60-a golaýyny düzýär. Şonda biziň ýurdumyz tarapyndan guraljak çäreler şulardan ybarat: Ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşlar syýasaty, Durnukly energetika, Sirkulýar ykdysadyýet.

Bäşinji ugur — maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapyndan guraljak sergileri, altynjy ugur — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet, sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini hem-de ahyrky ýedinji ugur bolsa, Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahardan ybarat bolar. Bu aýdylanlar wekilçilikli forumyň gün tertibiniň köpdürlüdigini, olar boýunça geljekde amala aşyryljak işleriň bütin dünýäniň halklarynyň rowaç ýaşaýşyny üpjün etmäge uly itergi berjekdigini aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyza uly abraý getirjek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine pugta ynanýarys.

2025-07-2322