TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Ýurdumda adamzada beýik geljek görünýär»

«Ýurdumda adamzada beýik geljek görünýär»

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Munuň bilen bagly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyranda halkara çäreleriň geçiriljek desgalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşlykda we guramaçylyk döwlet toparynyň maslahaty geçirmäge bagyşlanan maslahatynda bu forum bilen bagly zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň geçiren maslahatynda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Arkadagymyz Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkitjekdigini belledi. Bu çäreler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Bu bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirer.

Gahryman Arkadagymyz ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny, şoňa görä, binalardyr desgalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Bu ýerde döredilýän şertler merkeziň işewürlik we syýasy işjeňlik ýagdaýyna laýyk gelmelidir. Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtly wekilleriň ýokary derejede işläp bilmekleri babatda zerur tagallalary etmek boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin sazlaşykly işler ýola goýulmalydyr. Şunda dünýä ülňüleri esasy ugur edinilmelidir. Öňde boljak çäreleriň ýurdumyzyň taryhyna täze, möhüm sahypany ýazjakdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz halkara forumyň guramaçylykly geçirilmeginiň ýurdumyzda tutumly işleriň üstünlikli amal bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan abatlaýyş işlerinde ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil hem-de göze gelüwlilik babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, bu işlerde häzirki zamanyň ösen tejribesine, milli binagärlik ýörelgeleriniň ýokary derejesine esaslanylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ýerine ýetirilýän işler uzak geljegi nazarlaýan binagärlik çözgütlerine öwrülmelidir. Şonuň ýaly-da, dynç alyş zolagynyň aýdym-saz sahnasynyň bezegi, onuň yşyklandyryş ulgamy we bu töweregiň ekologik derejesi bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Foruma gatnaşyjylaryň türkmen myhmansöýerligini duýmaklary babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine hem ünsi çekdi. Bu ugurda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, gymmatly maslahatlaryny berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklary barha rowaçlanýar. Munuň özi parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrýar. Awazanyň çäginde her ýylda dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara çäreler geçirilmegi Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen zolagyň dünýäde giňden ykrar edilen merkez hökmünde eýeleýän derejesini tassyklaýar.

2025-07-2363