TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Lukmanlar tejribe alyşýarlar

Lukmanlar tejribe alyşýarlar

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolýar.

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň umumy hirurgiýa kafedrasynyň asistenti, oňurga hirurgiýa bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, spinal ortoped lukmany Denis Naumow ýurdumyzda iş saparynda bolýar. Ýerli hünärmenlerimiz bilen Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda oňurganyň skolioz keseliniň birnäçe tapgyrlaýyn çylşyrymly rekonstruktiw ugry boýunça amaly-usulyýet, anyklaýyş, bejeriş işlerini geçirýärler hem-de tejribe alyşýarlar. Şeýle hem russiýaly lukman ýerli hünärmenler bilen bilelikde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinden, şeýle-de oňurganyň dogabitdi dürli agyrlykdaky çylşyrymly gyşarmasyndan (skolioz keselinden) ejir çekýän çagajyklara tapgyrlaýyn çylşyrymly rekonstruksiýa operatiw bejergilerini, anyklaýyş-bejeriş amallaryny ýerine ýetirýärler. Bu barada russiýaly kärdeşimiz şeýle gürrüň berýär:

— Men nobatdaky gezek Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda iş saparynda bolýaryn. Bu hassahana öň hem birnäçe gezek iş sapary bilen geldim. Hassahana iň öňdebaryjy täze tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylan. Birnäçe ýyl ozal oňurga keselinden ejir çekýän çagalara kömek etmek üçin maksatnama başladyk. Bu geçirilýän operasiýa bejergileri hem ilkinji gezek geçirilenok. Şeýle operasiýa bejergileriň netijeliligi kanagatlanarly. Muny üstünlikli bejerilen çagalaryň saglyk ýagdaýy hem görkezýär. Bu gün biz çagalarda gyşaran oňurga sütünlerini dikeltmek amallaryny ýerine ýetirýäris. Neýrohirurgiýa ugrunda täze bejerişleri ýerine ýetirmek üçin hemme şertler we mümkinçilikler bar. Elbetde, ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşmak meniň üçin täsirli. Sebäbi men eýýäm birnäçe gezek Türkmenistanda iş saparynda bolýaryn hem-de bu ýeriň saglygy goraýyş ulgamynyň has ýokary depginde ösýändiginiň aýdyň şaýady. Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine we Russiýa Federasiýasynyň hormatly Prezidentine iki döwletiň lukmanlaryna özara tejribe alyşmaga döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin lukman ýüregimden sagbolsun aýdýaryn.

2025-07-2365