TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Şowhunly sirk şüweleňi

Şowhunly sirk şüweleňi

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň täze möwsümi şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu möwsümde «pero», tanslaryň täze görnüşleriniň we tigirliler toparynyň çykyşlarynyň girizilmegi bellärliklidir.

Ýelekli deňagramlylygy saklamak çykyşy örän täsirli bolup, oňa halkara sirk adalgalarynda «pero» (ýelek) diýlip atlandyrylýar. Ol diňe deňagramlylygy saklamak däl-de, eýsem, artistiň sabyrlylygyny, ussatlygyny görkezýär. Tomaşaçylarda dartgynlylyk döredýär. Bu çykyşy ýerine ýetirýän sirk artisti juda seresaplylyk bilen her bir bambuk agajyny howada ýerleşdirmeli. Netijede, ýeňil hasap edilýän ýelek ähli bambuk agajyny howada jemleýär.

Sirkiň tans toparlarynda-da birnäçe täzelikler bar. Ýagny öň poýe matalary bilen bir görnüşli tans edilýän bolsa, bu möwsümde suwuň we oduň şekilini döredýän poýe tanslary ýerine ýetirilýär.

Täze tigirliler toparynyň hem täsirli çykyşlary bellärliklidir. Bu çykyşda tigirleriň üstünde dürli hereketler bilen artistler ussatlyk görkezýärler.

2025-09-1016