TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag şäheri döwletli Maslahata barýar

Arkadag şäheri döwletli Maslahata barýar

«Halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys».
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşyndan.

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň belleniljek günleriniň öňüsyrasynda çagyryljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň galkynyşyny, halkymyzyň eşretli durmuşyny, mizemez agzybirligimizi we abadançylygymyzy dabaralandyrýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, bilim, sport, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri, şol sanda, wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar ýokary guramaçylykda geçirilýär. Halkyň ykbaly bilen bagly bolan döwletli maslahata zähmet üstünlikleri bilen barýan Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalary netijeli işleri bilen tapawutlanýarlar. Bular dogrusynda söhbetler belentden ýaňlanýar.

 

Serdar BEGMYRADOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy, Mejlisiniň deputaty:

— Halkymyzda «Halkyň islegi — Hakyň islegi» diýen pähim bar. Möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşmak, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biridir. Bu babatda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli il salamat bolar», «Ýedi ölçäp, bir kes» ýaly nakyllardyr pähimler kalbyňa siňýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar. Elbetde, ýurdumyzda halk bähbitli şeýle möhüm syýasy çäräniň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek, düşündirmek we ýaşlary işjeň çekmek, teklipleri öwrenmek syýasy partiýalaryň işgärleriniň alyp barýan esasy işleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge Arkadag şäherinde hem netijeli işler görülýär. «Akylly» şäherdäki syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary meýilnama boýunça Arkadag şäherindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlarymyzyň, ýokary, orta hünär we orta mekdeplerinde okap bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti dogrusynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegini we halk bähbitli, döwlet ähmiýetli kararlaryň kabul edilmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Orazgül PYGAMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy:

— Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahaty uly orun eýeleýär. Çünki onuň baş maksady halkyň abadan durmuşyna gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de netijeli çözgütleri kabul etmekden ybarat. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda maksatnamalary kabul etmek, halkyň isleglerini kanagatlandyrmak babatdaky işler hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen, ýurdumyzyň ýer ýüzündäki at-abraýynyň barha belende galmagyna uly itergi berýär. Halkyň bähbidine gönükdirilen işler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryna doly derejede laýyk gelýär. Eziz Diýarymyzda döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň hukuk binýadyny has-da berkitmekde, durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler diňe adam hakdaky alada gönükdirilýär. Şeýle ajaýyplyklary halkyna peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň başlygy:

— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, onuň ähmiýeti dogrusynda halkymyza wagyz etmek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «tegelek stollar», maslahatlar we duşuşyklar geçirilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy ýola nazar aýlap, geljekde öňde goýlan wezipeleri anyk kesgitlemek ýaly asylly işleriň amal edilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. «Maksat jandan ileri» diýýän halkymyz bir agza bakyp, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli baýramçylyklaryna zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Şonuň üçin hem ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, ýaşlary ak ýola ugrukdyrmak işleri döwlet tarapyndan yzygiderli alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, biziň ilatymyzyň agramly bölegini ýaşlar düzýär. Bu bolsa ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda, nurana geljeginde ýaşlaryň möhüm ornunyň bardygyndan habar berýär. Ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryny gazanmak, il-güne, halka peýdaly adamlar edip ýetişdirmek işleri döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy örän buýsandyryjydyr.

Ýaş nesliň ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

2025-09-10113