
Ak arzuwlaryň aýdymy
Muhammetemir ÇARYÝEW,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi:
— Arkadag atam janyň beýik eseri bolan Arkadag şäherinden bu ajaýyp bäsleşigiň ýeňijisi bolmak meniň çaga göwnüme ganat berdi. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim almagy üçin ähli şertler bar. Men hem geljekde milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandymy goşmak isleýärin.
Milli aýdym-sazlarymyzda jadylaýjy güýç bar. Şol güýç meniň aýdym aýtmagyma getirdi. Biz bagtyýar çagalaryň aladasyny ileri tutýan Arkadag atam janyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
Arkadag şährinden öz sesimi goşup,
Ýeňiji boldum, begenjime buýsanýan.
Siziň bilen ýetdik şeýle günlere,
Ömür Size Arkadagym atam jan!
Alkyş Size Arkadagly Serdarymyz!

Gurbangözel GURBANMYRADOWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi:
— 2025-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyp, Şa serpaýa eýe bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Men özümi diýseň bagtly duýýaryn. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Halk aýdymlary hem bahar paslynda dag etekleridir-ýaýlalarda açylan al-elwan gül-çeçekler ýaly tebigydyr» diýip belleýär. Hakykatdan hem, biziň milli medeniýetimiz beýleki halklardan özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şol sanda aýdym-saz sungatymyz hem şeýle. Munuň sebäbem halypa bagşy-sazandalarymyzyň nusgalyk ýoly döredenligindedir.
Biz ýaşlara öz ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen bütin halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.