
«Akylly» şäheriň muzeýinde saz ýaňlandyrýan senetler
sanly mümkinçiliklere esaslanyp
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ikinji gatynda ýerleşýän etnografiýa we sungat bölümlerinde saz sungaty bilen baglanyşykly gymmatlyklar ýerleşdirilen. Olaryň üsti bilen türkmen halkynyň saz sungaty, gurallary we bagşy-sazandalary barada giň düşünje berilýär.
Muzeýiň aýratynlygyna laýyklykda sungat bölüminde türkmeniň milli saz gurallary bolan dutaryň, gyjagyň hem-de gargy tüýdügiň görkezilýän ýerinde adamlar gymmatlygyň ýanyna golaýlaşanda şol gural bilen ýerine ýetirilen owaz ýaňlanýar. Bu ýere gelen myhmanlar owazyň ýaňlanmagy netijesinde saz gurallar bilen has içgin tanşyp bilýär.
Hereketi duýýan enjam arkaly saz gurallarynyň sesini ulanmak häzirki zaman tehnologiýalarynyň muzeý işi bilen utgaşdyrylmagynyň ajaýyp usullarynyň biridir. Bu täzeçil usul muzeý gymmatlyklary bilen adamlaryň arasynda interaktiw baglanyşygy döredýär. Şeýle enjamlar, adatça, hereket datçikleri (sensorlary) arkaly işleýär. Olar adamyň eliniň, bedeniniň ýa-da beýleki hereketlerini duýýar, ýagny enjama golaýlaşan badyňa saz ýaňlanyp başlaýar. Ol sazlar öň enjamda ýazga alnan şol saz gurala degişli owazlardyr. Bu usul muzeýe gelýänleriň gyzyklanmasyny artdyrýar. Olaryň gymmatlyklar bilen has çuňňur gyzyklanmagyna sebäp bolýar. Owazyň awtomatik ýaňlanmagy muzeýe gezelenji has-da täsirli edýär.
Enjam gurnalanda ol her saz guralynyň golaýynda goýulýar. Netijede şol saz guralynyň özboluşly owazy ýaňlanýar. Täze tehnologiýa esasynda gurnalan enjam fiziki aragatnaşyk bolmazdan maglumat bermäge, muzeýiň dürli ýaşdaky myhmanlarynyň tejribe almagyna, gymmatlyklaryň ses aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Hereketi duýýan enjamy muzeýlerde ornaşdyrmak — taryhy medeni mirasy has täsirli we döwrebap usul bilen köpçülige ýetirmekdir. Şeýle enjamlar ýaşlarda muzeýlere gezelenç etmekde has özüne çekiji, gymmatlyklary ylmy taýdan içgin öwrenmäge höweslendiriji döwrebap mümkinçiliklerdir.