
Güneşli ülkämiziň datly üzümleri
Ýurdumyzda üzüm gadymy döwürlerden bäri ekilýän gymmatly miweleriň biridir. Meşhur alym, akademik N.I.Wawilow Türkmenistanyň daglyk bölegini medeni ösümlikleriň gelip çykan dördünji ojagy hasaplaýar. Şeýle netijä gelmek bilen, akademik üzümiň watanyny Günbatar we Merkezi Köpetdag hasaplapdyr.
Üzüm gülli ösümlikleriň içinde has gadymylarynyň biri hasaplanylýar. Üzümler maşgalasyna degişli bolan ösümlikler açyk, tekiz ýerlerde gyrymsy agaç görnüşinde has irki döwürlerden bäri tebigy ýagdaýda ösüp gelipdir. Üzüm agajy ýagtylygy we Gün şöhlesini söýüji ösümlik hasaplanylýar. Bu babatda alymlaryň alyp baran ylmy işleriniň netijesinde ýurdumyzyň daglyk we dagetek ýerlerinde üzümiň ýabany görnüşiniň gadymy döwürlerden bäri ösýändigi anyklanyldy. Ýabany görnüşli üzümi bolsa medeni sortlary döretmek üçin bagbanlar giňden peýdalanypdyrlar. Güneşli Diýarymyz Türkmenistanda üzümçiligiň taryhy barada arheologlar, hünärmenler ýazgylary hem-de ylmy işleri ýazypdyrlar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň golaýyndaky Namazgadepede üzümiň däneleriniň nusgalarynyň tapylmagy hem gadymyýetde ýurdumyzda üzümçilige giňden üns berlendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Üzüm däneleriniň şol bir ýerde köpçülikleýin tapylmagy uly meýdan şertlerinde gadymyýetden bu datly miwäniň medeni ekin hökmünde ekilendiginden habar berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň III jildinde üzümiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk ähmiýeti we peýdalanylyşy barada gymmatly maglumatlar getirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda üzümiň birnäçe sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Olardan «Ak taýpy», «Halyly», «Gelinbarmak», «Türkmen içkimary», «Jenjel gara», «Içkimar», «Hişrau kişmiş», «Rowaç», «Galkynyş» we beýleki sortlaryny mysal getirmek bolar. «Ak taýfi» sorty ýurdumyzda üzümiň giňden ekilýän, giçki möhletlerde bişip ýetişýän azyklyk sortudyr.
Arkadag şäheriniň etegindäki üzümçilik hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýän «Kärizek» atly täze görnüşli üzüm hem bazarda geçginli önümleriň biri. Ol yzygiderli geçirilen seçgi işleriniň netijesinde ýokary hasyllylygy, miwesiniň harytlyk hili boýunça aýratyn tapawutlanandygy hem-de kesellere we zyýankeşlere durnuklydygy hasaba alnyp saýlanyldy. Onuň miwesi goýy gara reňkli bolup, terligine iýmäge juda ýakymly. Ol awgust aýynyň ahyrynda, sentýabryň başynda ýetişýär.