TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Täze obalar — gülleýän döwre zynat

Täze obalar — gülleýän döwre zynat

9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny belende göterdi.

Täze oba 400 sany ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini özünde jemleýär. Bu ýerde döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Giň we yşyklandyryş ulgamy çekilen awtomobil ýollarynyň ugrunda gök zolaklaryň, ýörite seýilgähiň döredilmegi taslamanyň durmuşa geçirilişine hemmetaraplaýyn, şol sanda ekologik abadançylyk nukdaýnazaryndan oýlanyşykly çemeleşilendigini görkezýär.

Döwrebap obanyň geňeşliginiň edara binasynda işgärleriň netijeli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Saglyk öýünde ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, oba ilatyna zerur saglygy goraýyş hyzmatlaryny hödürlemek babatda zerur şertler döredilipdir. Ýanaşyk ýerde gurlan dermanhana bolsa oba ýaşaýjylaryny lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün eder. Täze obada gurlan iki gatly umumybilim berýän orta mekdebiň we çagalar bagynyň mümkinçilikleri diňe bir Döwletli mekan obasynyň däl, eýsem, oňa ýanaşyk ilatly ýerleriň çagalarynyň hem döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin şert döredýär. Çagalar bagynda körpe nesilleriň oýun arkaly başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, terbiýelenmegi we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir.

Täze obadaky döwrebap öýlere göçüp gelen maşgalalar ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

2025-09-10109