
Kuwwatly döwletiň bagtyýarlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýan ýaş nesillerimize hem-de halkymyza mynasyp sowgat boldy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda gysga döwrüň içinde ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge ukyply işewürler jemgyýeti kemala getirildi. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, 2010-njy ýylda telekeçileriň «Rysgal» gazetiniň, 2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi Diýarymyzda hususy pudagy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy. 2011-nji we 2014-nji ýyllarda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binalary hem gurlup ulanmaga berildi.
Telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barmak bilen, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Çünki telekeçiler bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüdir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy hem hususy işewürligi ösdürmek, ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda täze möhüm sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrýar. Halkara uniwersitet ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 27-nji iýunynda gol çeken Permany esasynda döredildi. Ýokary bilimiň hususylaşdyrylmagy bilim edarasyna okuw, ylmy-önümçilik işini dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanyp özbaşdak guramakda, okuw maksatnamalaryny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri açýar. Paýtagtymyzda açylan täze uniwersitet Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky ädim bolar.
Jemi 8 gektar çäkde ýerleşýän täze bilim ojagy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Gurluşygyna 2022-nji ýylyň iýulynda girişilen uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralýar. Bu ýerde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylýar. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler. Uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilen.
Gurluşyk pudagy we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi milli ykdysadyýetiň batly depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze bilim ojagy bilen tanyşlykda hem bu ýerdäki mümkinçilikleri ýiti paýhas eleginden geçirdi. Çünki Baş arhitektorymyz ýurdumyzda, hususan-da, paýtagtymyzda gurulýan her bir binadyr desga barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berip, olaryň dünýä ülňülerine laýyk bolmagy üçin tagallalary edýär. Şunuň bilen baglylykda hem Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikleriň we goldawlaryň netijesinde telekeçiler döwrebap tehnologiýalara esaslanýan önümçilik toplumlaryny döredýärler. Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak ýaly başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.