
Parahatçylyk medeniýeti
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly ― dünýäniň akyldary» atly kitabyndan:
— Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy arkaly 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özeninde hem Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň bardygyny bellemek isleýärin. Çünki öz şygyrlarynda adamzat gymmatlyklaryny, ähli döwürler üçin derwaýys bolan agzybirlik ýörelgelerini öňe süren Magtymguly Pyragy parahatçylygyň hakyky waspçysydyr. Söz ussadynyň goşgularynyň özenini düzýän ynsanperwer ideýalar bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde parahatçylygy berkarar etmek baradaky esasy maksatlaryna laýyk gelýär.
* * *
Magtymguly Pyragynyň sözi türkmeniň sözi, türkmeniň paýhasy bolup dünýäde dabaralanýar. Daşary ýurtly edebiýatçylaryň bellemeklerine görä, türkmen akyldarynyň paýhasly pentleri häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerinden asudalyk, parahatçylyk bilen baş alyp çykmagyň ýollaryny salgy berýär.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylan 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öz bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Şu hakykat halkymyzyň taryhy bilen kesgitlenen. Biziň ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döredip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinip, halklaryň biri-birine ynamly gatnaşyklaryny döreden bolsalar, öz durmuşynyň kyn, galagoply döwürlerinde dartgynly ýagdaýlary gepleşikleriň, parahatçylykly ýollaryň üsti bilen çözüpdirler we bitaraplyk ýol-ýörelgelerini kemala getiripdirler. Ata-babalarymyzyň şol adamkärçilik ýörelgeleri häzirki çylşyrymly dünýäde halklaryň we bütin adamzadyň ynanjyna öwürmek halkymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda döreden özara gatnaşyklarynyň medeniýetini, medeniýetleriň özara gatnaşygyny täzeden dünýäde dabaralandyrmak bilen gazanylar. Bu wezipäni şu günki dünýä degişlilikde adamzadyň hakyna diňe beýik söýgä, beýik ynanja eýe bolan beýik şahsyýet amal edip biler. Özi hem şol ynanç bu dünýä ser salyp many çykaryp bilýän şahsyýetde kemala gelip biler. Şu nukdaýnazardan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde getiren bir ýatlamasyna ünsi çekeliň. Onda ýaş adama, has dogrusy şindi çaga «Şükür bagşy» kinofilminiň eden täsiri barada gürrüň gidýär. Milli Liderimiz çagalykda şu filmi görendigini ýatlap: «Bu film maňa örän uly täsir etdi. Gandöküşikli jeňe ýol bermän, garşydaşy sungatyň kömegi bilen ýeňip bolýan eken diýen açyşymy şondan bäri kalbymda saklaýaryn» diýýär. Şu hili täsirlenmäni başdan geçiren Milli Liderimiz özüne dünýäni açyp, bu dünýädäki ornuna akyl ýetirýär we adama, öz halkyna, bütin adamzada gulluk etmäge girişýär. Biz onuň mysalyny Gahryman Arkadagymyzyň adamzadyň parahat we ylalaşykly ýaşaýşyna esas bolýan türkmen Bitaraplygynyň ýol-ýörelgelerini işläp düzmeginden hem görýäris.
Türkmen halky öz danalarynyň pähim-paýhasyna eýerip dünýäni agzybirlikde we bitewülikde görmek isläpdir. Bu garaýyş ilkibaşda Oguz hanyň döwletlilik ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýar. Türkmen Bitaraplygynyň pähim-paýhas esaslary Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerinde aýdyň we giňden açylýar. Şu hakykat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eserinde: «Biziň çuňňur ynsanperwerlige, dostluga, agzybirlige, ynanyşmaga esaslanýan içeri we daşary syýasatymyzyň özeninden bolsa milli akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň eriş-argaç bolup geçýändigini turuwbaşdan bellemek gerek» diýlip beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň öz ýaşan döwrüniň taryhy ýagdaýy, çylşyrymly wakalary barada ýörite ýazan goşgularynda syýasatçy, taryhçy hökmünde wajyp maglumatlary belläp geçýär. Adamlara rahat durmuşy, bagtyýar geljegiň ýollaryny salgy berýändigini nygtap: «...Magtymguly Pyragy, ilkinji nobatda, agzybirligiň ündewçisidir, parahatçylygyň şahyrydyr» diýip netije çykarýar.
Parahatçylygyň şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyna esaslanyp nusgalyk derejä ýetirilen türkmen Bitaraplygy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkarar bolmagynyň ýollaryny açyp görkezýär. Ony biz türkmen Bitaraplygynyň sebit we dünýä gatnaşyklaryny sazlamagyň ähmiýetli guralyna öwrülendiginde görýäris. Bu bolsa biziň döwletimiziň at-abraýyny artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem türkmen Bitaraplygyna bolan ynamy has hem berkidýär.
Şu ýyl türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şu sene bilen baglanyşykly üstümizdäki ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamany üçünji gezek kabul edip, çärýek asyryň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakda bitiren we bitirýän işlerini giňişleýin açyp görkezdi. Bu ýyl bu ugurda ýurdumyzda we onuň çäginden daşarda köp sanly çäreler geçiriler, ähmiýetli işler alnyp barlar. Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi hem ýurdumyza milletler bileleşigi tarapyndan uly ynam bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli maslahat geçiriler. Bu çäre Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny has hem ýokarlandyrar, onuň halkymyzyň we adamzadyň geljekki ösüşine etjek täsiriniň artmagyna täze esaslary kemala getirer.