TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Garaşsyz Watana şan getirýän topar

Garaşsyz Watana şan getirýän topar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri sanardan köp. Ýurdumyzyň ösüşleriniň ähli ugurlarynda, şol sanda, sportda gazanylýan şanly ýeňişler hem Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny dabaralandyrýar. Şunda bolsa Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň mynasyp paýy bar.

Geçen maýda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan çempionlygyndan soň iki ýaşly topar gysga wagtda abraýly Kuboklaryň ýedisini gazanyp, futbol dünýäsiniň taryhynda seýrek gabat gelýän başarnyklaryň birini görkezdi. Elbetde, bu dogry. Ýöne bu şöhratly toparyň iň uly üstünligi sport arkaly halklaryň, döwletleriň arasyndaky dost-doganlygy berkidýänliginde, sportuň jadylaýjy ruhy bilen ýer ýüzüne parahatçylyk bagyşlaýanlygynda. Halkara derejeli ilkinji kubogyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanan topar dünýäde iň süýji ýeňşiň sportda gazanylan ýeňişdigini äleme ýene bir ýola äşgär etdi.

«Arkadag» topary ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň bäsdeşlik ruhy bilen dünýä çykýar. Elbetde, ajaýyp şähere gelip gören gonaklaryň her biri ony öz ýanlaryndan dünýäniň iň owadan şäherlerine deňeýärler. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp binagärlik zehini bilen bu şäheriň görki-görmegi barha artýar. Şeýle bir döwür geler, dünýäniň beýleki owadan şäherlerine baran myhmanlar olary Arkadag şäherine meňzederler. Döwür geler, dünýäniň beýleki läheň-läheň futbol toparlarynyň üstünlikli ýollaryny «Arkadag» toparynyň geçen şöhratly ýoly bilen deňeşdirerler.

Başdaky 7 kubokly gürrüňe dolanyp geleliň! Hawa, topar iki ýyllyk taryhyndaky altynjy we ýedinji kubogyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazandy. Fewral aýynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna mynasyp bolan topar maý aýynda yklym ýaryşynyň hem çempiony boldy. «Ýagşy niýet ― ýarym döwlet»: ýyl tamamlanaýmanka, Kuboklaryň sanynyň 10-a tegelenmek ähtimallygy hem ýok däl. Türkmenistanyň çempionatynda hem, Kubok ýaryşynda hem ýoluny üstünlikli dowam etdirýän toparyň möwsümiň ahyrynda iki ýaryşda-da kubok gazanmak mümkinçiligi ýokary. Sekiz bilen dokuz boldumy?! Geçen ýyl hem çempion bolup hem-de ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň kubogyny eýelän topar ýylyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyga hem gatnaşar. Bu duşuşykda-da ýeňiş gazanylsa, «Arkadag» futbol topary 2025-nji ýyly taryhyndaky 10-njy kubogyny gazanmak bilen jemläp biler. Toparyň bu üstünliklere hem ýakyndygyny uly ynam bilen nygtaýarys.

Dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hemmeler üçin düşümli ýyllaryň birine öwrülýär. «Arkadag» topary ýakyn günlerde has güýçli ýaryşda — AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň çäklerinde toparçadaky ilkinji duşuşygyna çykar. «Akylly» şäherdäki stadionda Özbegistanyň «Andijon» topary bilen boljak oýun türkmen türgenleri üçin örän ähmiýetlidir. Çünki ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşlarynda üstünlik gazansalar, bu şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgat bolar hem-de türgenlerimizi ýeneki ýeňişlere ruhlandyrar. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly topary mundan beýläk hem iň ýakymly ýeňişleriň baýdak göterijisi bolup dünýä dolsun!

 

2025-09-1019