
Dünýä türkmenleri: tutumly toýuň bosagasynda
Mälim bolşy ýaly, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirilýär. Oňa Birleşigiň daşary ýurt we ýerli bölümleriniň agzalary gatnaşýarlar. Munuň özi dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
1991-nji ýylyň 18-nji maýynda dünýäniň 10 döwletinde ýaşaýan türkmen doganlarymyz ilkinji gezek özleriniň taryhy ata Watany Türkmenistanda bir supranyň daşyna jemlenip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň birinji maslahatyny geçirýärler. Netijede, şol gün Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredilýär we onuň Düzgünnamasy kabul edilýär. Şondan bäri Birleşik daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işini üstünlikli alyp barýar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bolan Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ukraina, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Owganystan, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Netijede daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen ylym, bilim, medeniýet, sungat, neşirýat işi, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik ýaly ugurlardaky gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan işjeňleşdirilýär.
Döwletimiziň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýäde wagyz etmekde we onuň taryhyny, dilini öwrenmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. Geçen döwrüň içinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi öz öňünde goýan maksatlaryna ygrarly bolup, ynsanperwerlige, haýyr-yhsana ýugrulan ençeme işleri durmuşa geçirdi, onuň netijesinde daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyz bilen aragatnaşyklarymyz has-da işjeňleşdi. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Olar bilen işjeň, ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklar berk saklanýar. Birleşigiň daşary ýurtly şahsy agzalary ynsanperwer ugurlarda işleri alyp barýarlar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümlerinde türkmeniň milli baýramçylyklaryny, Türkmenistanyň teklibi esasynda ykrar edilen halkara derejesindäki şanly seneleri bellemek, olara bagyşlap dürli çäreleri guramak ýola goýlan. Bu bölümleriň agzalary ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri, türkmeniň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny öz ýaşaýan ýerlerinde wagyz edýärler. Ata-babalarynyň şöhratly ýollaryny öwrenip, olary dünýä ýaýýarlar.
Döwletimiz daşary ýurtly türkmenleriň ene dilini, özboluşly däp-dessurlaryny saklamak boýunça alyp barýan işlerine uly ähmiýet berýär. Munuň özi dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan arkadaşlarymyzyň nesilleriniň halkymyzyň medeni däp-dessurlaryna, baý edebi mirasyna höwesiniň artmagyny, umuman, ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýär. Galyberse-de, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyna ýakyndan goldaw bermek bilen olar babatda alnyp barylýan syýasata ygrarlydygyny aýan edýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, dünýä türkmenleriniň maslahatlary, köplenç, mukaddes Garaşsyzlyk toýuna gabatlanyp geçirilýär. Munuň özi daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyza Garaşsyzlyk toýuny bile toýlamaga, özbaşdaklygyň, erkinligiň, Garaşsyzlygyň eçilen miwelerini synlamaga, olara buýsanmaga giň mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda geçirilýän her bir döwletli çärä daşary ýurtly doganlarymyz hem çagyrylýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, milli Garaşsyzlygymyz bütin dünýäniň türkmenlerini bir bitewi ynsanperwer gurama jemlemäge, ýer ýüzüniň ençeme ýurdunda ýaşaýan watandaşlarymyzyň wekillerini uly hem döwletli maslahata ýygnamaga mümkinçilik berdi.