Aşyrgül BALKANOWA, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy:
— Bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmaga geldik. Bu uly toýuň bosagasynda Köpetdagy etekläp oturan Arkadag şäherinde täze jaýlarda jaý toýuny tutýan ildeşlerimiziň döwletli ojaklarynyň myhmany bolduk. Her bir adam begenen gününde ojagyna gelýän myhmanlara hezzet, hormat edýär. Biz hem bu günki jaý toýuny toýlaýan ildeşlerimiziň bagtyýarlyklaryna şaýat bolduk.
Tüweleme, ähli amatlyklary bolan döwrebap jaýlaryň owadanlygy dag tebigatynyň gözelligi bilen sazlaşýar. Nirä seretseň gözellik. Şeýle ajaýyp şäheriň ähli ýaşaýjylaryny gutlaýaryn. Bu uly işleriň gözbaşynda sap yhlas, irginsiz zähmet bar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda welaýatymyzda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem halkymyz we onuň ýagty geljegi baradaky egsilmez aladanyň aýdyň güwäsidir. Muňa biziň begenjimiziň, buýsanjymyzyň çägi ýok. Bizi şeýle ajaýyp günde ýaşadýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy:
— Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzy taryhy üstünliklere besleýär. Ine, bu gün biziň maşgalamyzyň hem bagtdan paýly bolmagy başymyzy gök diretdi. Arkadag şäheriniň Magtymguly Pyragy köçesiniň ugrunda ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýyndan täze öýli bolduk. Ähli amatlyklar döredilen täze öýümizde maşgala zerur bolan zatlar doly üpjün edilen. Bu ýerde bagtyýar çagalarymyzyň hem wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ýörite oýun we sport meýdançalary bar.
Ýaşlaryň şäheri adyna eýe bolan Arkadag şäherinde täze öý edinmek bagtyna eýe bolmak, eşretli durmuşda ýaşamak rysgal-berekediň we döwletliligiň nyşanydyr. Biz ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäris diýip şu bagtyýar günde ynandyrýaryn.