TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmeniň agzybirlik suprasy

Türkmeniň agzybirlik suprasy

13-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar.

Maslahat paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň esaslandyrylmagy we onuň işiniň Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy döwri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagy ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň rowaçlanmasydyr. Dürli ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklar häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Bu bolsa parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolmagyny şertlendirýär.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty açyk diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi maslahatyň dabaraly böleginiň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Forumyň dowamynda DTYB-nyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe birleşigiň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize we hemmelere ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň dabaraly açylmagy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak hem dabaraly geçdi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň pugtalandyrylmagynda, daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň alyp barýan işlerine yzygiderli üns berilmeginde nusgalyk işleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

2025-09-178