Ertir — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi!
Türkmen halky gadym döwürlerden bäri her bir işiň başyny halk bilen maslahatlaşyp, geňeşli tutupdyrlar. Şeýle asylly ýörelgeler häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrülen, demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütleri kabul edilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi bu bellenenleriň düýp özenini emele getirýär.
Gahryman Arkadagymyz halk bilen geňeşmegiň il-ýurt, adamzat ähmiýetli möhüm çözgütleriň kabul edilmeginde esas bolup durýandygyny nygtaýar. Bu babatda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir» diýip belleýär. Munuň özi Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda ertir geçiriljek ählihalk forumynyň möhüm taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygyny äşgär edýär. Halkyň jebisligine esaslanýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletlilige, kanunylyga we milli demokratiýa esaslanýar. Onuň esasy maksady bolsa ata-babalarymyzyň adalatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa ýaşlaryň şäheri hasaplanýan Arkadag şäheriniň ykbalynda, gündelik durmuşynda döwletli maslahatyň örän möhüm ähmiýete eýedigini äşgär edýär. Bu ählihalk forumynyň geçirilmegine galan sanlyja günlerde Milli Liderimiziň yhlasyndan bina bolan Arkadag şäherinde oňa ýokary derejeli taýýarlyk işleriniň görlendigini bellemek buýsançlydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, «akylly» şäheriň ýaşaýjylarydyr zähmetsöýer işgärleri hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly ruhubelentlik, buýsançly watançylyk duýgusy hem-de zähmet ýeňişleri bilen geldiler.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda toplan baý tejribesi we milli däpleri eziz Diýarymyzyň görlüp-eşidilmedik ösüşini, halkymyzyň eşretli durmuşyny, nurana geljegini dabaralandyrýar. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa mähriban halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda jebis bolup, bilelikde beýik özgertmelere barýandygyny hem-de şanly günlere, ýagty ertirlere ynamly garaýandygyny görkezýär. Ertir paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.