
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Türkmenistanym
Sahawatyň salamyňdan duýulýar,
Salamda ýüregiň gyzgyny bardyr.
Synaga salynýar äden ädimiň
Oturyp-turmaňam düzgüni bardyr.
Gep-sözüňem ölçegi bar bu ýerde,
«Az geple, kän diňle» — şygaryň seniň.
Güler ýüzüň çytylmasyn gelene,
Eliňden gitmesin ygraryň seniň.
Gursagyň sabyrly, kalbyň şahandaz,
Ýeriň bereketli, gögüň güneşli.
Gurşunly kenek dek agras türkmenim,
Il-günüň bar maslahatly-geňeşli.
Pyragynyň parasadyn, pähimin.
Howa ýaly sorup alýan Diýarym.
Garaşsyz bir döwlet bolduň sen bu gün,
Ak ýürekden «gözüň aýdyň» diýýärin.
Hydyr gören guba çölüň göwsünde,
Yzarlaýan babalarmyň yzyny.
Daşlyň oýundaky mawy ýowşanyň
Müň menzilden alýan näzik ysyny.
Seni öler ýaly söýmeýän bolsam,
Bu zatlary edip bolmaz ahyry!
Ak çägäňe ýüzin ýatyp sygynsam,
Ne-hä gussa galýar, ne-de agyry.
Müň ýyllardan galan minaralarda
Elin görýän tapylgysyz ussanyň.
Gadymy höwürtgäm, nowça döwletim
Eý, meniň sähraýy Türkmenistanym!
Taryhyň ýüz gulaç guýular ýaly,
Çümüpdir geçmişiň çuňluklaryna.
Diňe şu toprakda ömür sürmegi
Arzuw edýän agtyk-çowluklaryma.
Ynanýaryn, bu keremli toprakda
Entek beýik-beýik ogullar dörär.
Pes belent kişiniň öňüne düşmez,
Ýaşkiçi ýaşulyň yzyndan ýörär.
Agzybirlik arzuwyňa ýetirsin,
Agzybirlik owal-ahyr isläniň.
Alnyň açyk bolsun, ýollaryň abat,
Eý, eziz döwletim — Türkmenistanym!