Hormatly Prezidentimiziň halkyna sowgady
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyzyň durmuşynda toý-baýrama beslenen, şatlygy goşa-goşadan eçilen ýyl. Muny Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň durmuşynda amala aşyrylan beýik tutumlardan, şanly senelerdir baýramlardan aýdyň görýäris. Çünki döwlet Baştutanymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýmek bilen, adamlar, halk baradaky aladany ähli zatdan ileri tutýar. Şonuň netijesinde halkyň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlary durmuşa geçirýär.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, Diýarymyzyň çar künjünde açylyp ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň gowy durmuşda ýaşamagy, eşretli döwrümiziň hözirini görmekleri, toý-baýramy mynasyp garşylamaklary üçin edýän tagallalaryndan nyşan.
Berkarar Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrylýan işler barada gürrüň etmek üçin bir makalanyň çägi darlyk edýär. Diňe ýakynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynda bolup geçen soňky wakalar hem täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylyp, Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlykly barylýandygyny görkezdi. Ahal welaýatynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhana Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde döwrebap Döwletli mekan obasy, Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde Bagtly zamana obasy, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze awtomobil köprüsi, Bitaraplyk şäherçesi açyldy. Olaryň gurluşyklarynda türkmen gurluşykçylarynyň uly paýynyň bardygy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň we Sarahs serhet birikmesiniň binalar toplumynyň açylyşyna hut hormatly Prezidentimiziň özüniň gatnaşmagy taryhy pursatlar bolup hakydalara ýazyldy. Galyberse-de, baýramçylygy ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly taýýarlyklaryň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda döwrebap, kaşaň awtobuslar halkyň hyzmatyna goýuldy. «Yutong ZK6128HG» kysymly, ekologik taýdan amatly awtobuslarda Garaşsyzlygymyzy dabaralandyrýan şygarlaryň ýerleşdirilmegi hem şol aladalardan nyşan. Baş baýramymyz mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem ildeşlerimiziň ençemesi jaý toýlaryny tutdular. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýen sözleriniň subutnamasydyr. Nygtamaly ýeri, açylýan obalardyr şäherleriň aňrybaş amatlyklar bilen üpjünçiligidir. Täze açylan Bitaraplyk şäherçesinde-de, Döwletli mekan, Bagtly zamana obalarynda-da orta mekdeplerdir çagalar baglary, başga-da ençeme durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy halkyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Giň hem ýagty awtomobil ýollarynyň, ýaşyl zolaklarydyr seýilgähleriň ekologik talaplara laýyk bolmagy abadançylygyň hemmetaraplaýyn üns merkezinde saklanýandygyny aňladýar.
Mahlasy, bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp şertleri, oňaýlyklary üçin halkymyz tükeniksiz alkyş aýdýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň baky bagtyýarlygy üçin amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!