Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany.
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Neslindensiň, bilgin, mertleň, ägirtleň,
Jan bilen Watany deňändirler deň.
Şeýlekin mukamda ýaňlanandyr heň,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Yzlasaň Oguzly, Gorkutly menzil,
Baýdagyň goluňda parlasa hezil.
Dowama ýollanmaz bu ýollar Sensiz,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Seni ýetişdiren Pederňe şöhrat!
Asyrdan-asyra alyp barar at.
Gowşamaz, gowşamaz, güýçlüdir bu bat,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Halk Senden tapandyr uly goldawy,
Deňlere ýetmegi hem ulalmagy.
Akyl ummanyndan içip ganmagy,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Watan asudadyr, iller abadan,
Ýaý berýär, ýagtylýar atýan ala daň.
Gadyry başgadyr uly aladaň,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Berilenligiňi bilgin ykbala,
Doga dolanandyr türkmen ynsaba.
Aslyňda Oguz bar, bardyr Pyragam,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Gelişi başgadyr teýiň hem aňryň,
Dünýesi akylyň, eýýamy aňyň.
Seni penalasyn, gorasyn Taňrym,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Üns-üşük her kimlere berilmez,
Gudrat bolup köpe ganat gerilmez.
Döwletlilik Senden sowa egilmez,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Sebäp, edilýändir ile hyzmaty,
O zatlar ýerinde gaýta:r gymmaty.
Hoş bolýar, joş urýar, synla ymmaty,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Saglyk dileýärin, baş dursun aman,
Ýaş süňňüňde juwanlygyň bady bar.
Bargyn öňe, menzillerde ýadaman,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!
Günden ýiti, Aýdan aýdyň ýol Saňa,
Ter ýaprakly, gülälekli go:l Saňa.
Söýgi, söýget, sylag, sarpa bol Saňa,
Arkadagly Serdar — Gahryman Ogul!