Annanyýaz HOJABERDIÝEW, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy:
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşan ýyllaryň biri boldy. Diňe bir Watanymyz üçin däl, eýsem, ýurdumyzyň her bir raýaty üçin hem ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Biz muňa diýseň buýsanýarys, begenýäris. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Arkadag şäheriniň kottejler toplumyndan ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyndan täze öýli bolduk. Häzirki zamanyň binagärlik talaplaryna laýyklykda bina edilen bu jaýlar ähli amatly şertler we mümkinçilikler bilen üpjün edilen. Maşgala durmuşynda gerek bolan zatlaryň ählisi bar. Şanly toýuň uludan tutulýan güýz paslynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň adyny göterýän köçede biziň ojagymyza gelen myhmanlar jaý toýumyza gatnaşdylar. Munuň üçin biziň maşgalamyzyň begenjiniň, buýsanjynyň çägi ýok.
Şu ajaýyp günde göwnümizi galkyndyryp, ähli maşgala agzalarymyzy, dogan-garyndaşlarymyzy tüýs ýürekden begendiren, täze öýli bolmak bagtyny eçilen, halkymyzy bagtly durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi hem-de bütin halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bilen gutlaýaryn.
Halnazar NURMUHAMMEDOW,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy:
— Döwletli Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Nesip bolsa, anna güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Biz hem bu maslahata gatnaşmaga geldik. Tüweleme, halkymyz her bir tutýan toýuny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda toýlaýar. Munuň şeýledigine biz Arkadag şäherinde täze jaý toý dabaralaryna gatnaşanymyzda hem magat göz ýetirdik. Şäheri görmäge göz gerek. Şäheriň ýaşaýjylary bolmak miýesser eden ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şeýle döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň ähli künjeginde yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen gadymy Köneürgençde hem täze döwrebap awtomobil köprüsiniň hem-de Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öz halkynyň abadan ýaşamagy, bagtyýar durmuşyň hözirini görmegi üçin zerur işleri amal edýändiginiň alamaty. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň doly durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy.