TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Baş baýram bagt getirýär

Baş baýram bagt getirýär

Öňňin Arkadag şäheriniň Gurbannazar Ezizow köçesiniň ugrundaky kottejler toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli jaý toýy geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlardyr talyp ýaşlar, ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen myhmanlar hem-de «akylly» şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Şeýle tutumly toýlar Arkadag şäherinde yzygiderli tutulýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen bu gezekki jaý toýlary hem tolgundyryjy, şatlykly pursatlara baý boldy. Arkadag şäherinde täze jaýyň açary gowşurylan Ýazlyýewleriň maşgalasynda jaý hem-de gelin toýuň tutulmagy bolsa türkmen döwletliliginden nyşan. Ýaşlaryň bu bagtly günleri ýurdumyzyň taryhyna ýazyljak şanly wakalar bilen baglanyşdy. Döwrebap täze jaý toýlary bilen goşalanyp, şatlyk-şowhuna beslenip gelen bu günki dabarada ýaşlarda hem-de olaryň maşgala agzalarynda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy.

Dabara güni toý lybasyna bürenen Gurbannazar Ezizow köçesiniň ugrundan ýaşuly nesliň wekilleri täze jaý toýuny toýlaýan ildeşlerimiziň ojagyna bardylar. Bu ýerde baýramçylyk ruhy her bir ildeşlerimiziň kalplaryny buýsanja gaplady. Milli tagamlar taýýarlandy. Oglanjyklar howluda aşyk oýnuny oýnasalar, gyzjagazlar aýdym aýdyp tans etdiler. Bu ýerde myhmanlary dutarçylar topary aýdymlary bilen garşyladylar. Soňra toý ruhuna ruh goşup, gelnalyjy maşynyň hem-de belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň sesi dabara özboluşly öwüşgin berdi. Gelnalyjynyň yzy bilen türkmen bedewine atlanan ýigitler hem-de paýtunyň üstünde dowul çalýan sazandalar topary aýdymlary bilen täze jaýyň howlusyna geldiler. Gelin-gyzlarymyz gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza görä, täze gelni öýe saldylar. «Gelen gelniň aýagy düşsün!», «Gutly bolsun!», «Bagtly bolsun, agzybir ýaşasynlar!» diýip, gutladylar. Milli ýörelgelerimize eýerilip tutulan dabara tamamlanandan soňra bagt toýuny toýlaýan ýaşlar hem-de olaryň maşgala agzalary Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Soňra myhmanlar howludaky ýörite meýdança geçip, eli süýji aşpezleriň bişiren milli tagamlary bilen bezelen saçagyň başyna bardylar. Bu ýerde naz-nygmatlardan ähli dabara gatnaşýan myhmanlara hödür edildi. Tutulýan toýuň ahyrynda ýaňlanan aýdymlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz üçin alyp barýan işleriniň waspy edildi.

2025-09-177