
Gülläp ösüşleriň bähbidine
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýly halkara guramalar, belli kompaniýalar bilen netijeli dialogyň, dürli formatlarda köptaraply hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz sebitleýin we ählumumy gün tertibine laýyklykda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda bolup geçýän wakalar hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyz döwletara we halkara gatnaşyklaryň halklaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan, howpsuz, durnukly ählumumy gurluşy kemala getirmäge gönükdirilen bitewi dialogy ýola goýmak üçin şertleri üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri giň, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan ýurtlaryň täsiriniň artýandygyna, olaryň dünýäniň häzirki gurluşyndaky esasy wakalara gatnaşygyna we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ornuna ýokary baha berýär. Ýurdumyz daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen netijeli dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara guramalaryň, kompaniýalaryň ýurdumyz bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy biragyzdan tassyklanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maý aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri bilen duşuşygynda hem bular dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi. Ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berilýär hem-de syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri halkara giňişliginde uly gyzyklanma döredýär.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirip, syýasy-diplomatik gatnaşyklary abadançylygyň, ösüşiň we röwşen geljegiň möhüm guraly hasaplaýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen sebit ýagdaýynyň durnuklaşmagyna, dürli döwletleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň has-da berkemegine ýardam berýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän başlangyçlary, umumadamzat geljegini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeleri dünýä ýüzünde uly goldawa eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ata Watanymyz diňe bir ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasdan doly öňdengörüjilikli syýasaty bolsa bu gatnaşyklary has-da giňeltmäge, olary hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymaty öňe sürýän hem-de ony üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, täze derejä çykarmakda alyp barýan syýasaty halkymyzyň, umumadamzadyň nurana geljegine gönükdirilendir.