
Arkadagdan serpaý bu gün!
Öňňin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň Magtymguly Pyragy köçesiniň ugrunda ähli amatlyklary bolan dokuz gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa şäherdäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin gelen myhmanlar, ýaşaýjylar gatnaşdylar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän ýylymyzda tutulýan toýlarymyz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda dörän, Watanymyzyň, halkymyzyň buýsanjy bolan Arkadag şäherindäki jaý toýlary hem munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen subut etdi.
Ir säher bilen baýramçylyk bezeglerine beslenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýany köp adamly boldy. Bu ýerde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, tanslar, milli oýunlarymyzy oýnaýan körpe nesillerimiz toý şowhunyny döretdi. Ussat aşpezlerimiz milli tagamlarymyzy taýýarladylar. Dabarada bäbek toýuny toýlaýan maşgalalara ýaşuly nesillerimiz tarapyndan ýagşy doga-dilegler edildi. Bäbejik ýüze sylynyp, onuň Watana gerekli adam bolup ýetişmegi arzuwlandy. Milli geýimli ýigitlerdir gyzlar bolsa dabara aýratyn ýaraşyk berdi.
Soňra dabarada çykyşlara orun berildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýandygy, eşretli durmuşymyzyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň egsilmez yhlasynyň bardygy aýdyldy. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bilen Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi hem-de bütin halkymyzy gutladylar. Soňra dabaraly ýagdaýda täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy. Täze öýleriň açarlary miýesser eden ildeşlerimiz ýürek arzuwlaryny beýan etdiler. Bagtyýar maşgalalar toýly günde özlerini şeýle bagta ýetiren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny aýtdylar. Ýagşy däp-dessurlara eýerip täze öýleriniň bosagasyndan ätlediler. Gelen myhmanlara toý tagamlaryndan hödür etdiler. Dabara gatnaşyjylar soňra döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň amatlyklary bilen tanyşdylar, täze öýli bolan bagtyýar maşgalalary mübäreklediler.