TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, eziz Diýarymyzda ylmy ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak babatda alyp barýan işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine Halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesiniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Siziň Kararyňyz bilen, täze taryhy döwrümizde alymlarymyza we inženerlerimize daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen gatnaşygy has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik döredildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyndaky «Oguz han» ylmy-tehnologik merkezinde dürli ugurlary ösdürmek boýunça ylmy barlaglar üstünlikli alnyp barylýar. Ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biolukmançylyk ulgamlarynda-da ylmy barlaglar bilen meşgullanýarlar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň belleýşiňiz ýaly, ylym milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda berk binýat hökmünde hyzmat edýär. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr.

Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek üçin, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek, hormatly Prezidentimiz, Siziň alyp barýan döwlet syýasatyňyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşik bolsa ýaş nesli ylma işjeň çekmek üçin täsirli itergi beriji güýç bolup hyzmat edýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriňiziň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin, ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň kämil kanunçylyk binýady döredilip, «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Ýurdumyz ylym-bilim ulgamyna dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

2025-06-1166