
«Ýaşyl» energiýa
Häzirki wagtda, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak barada tehnologiýalary işläp düzmek ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde öňünde durýan möhüm wezipedir.
Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasy» kabul edildi. Strategiýanyň durmuşa geçirmek çäreleriniň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Kanun kabul edildi. Kanunda göz öňünde tutulan şertleriň doly we dogry berjaý edilmegi milli ykdysadyýetiň çalt depginde ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem energetika pudagynyň kuwwatynyň ýokarlanmagyna, merkezleşdirilen energiýa torundan uzakdaky ýaşaýjylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we daşky gurşawa adamyň zyýanly täsirini peseltmäge ýardam edýär.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek Gün şöhlesiniň, ýeliň, suwuň, tolkunlaryň energiýasyny, biomassany, tebigy ýangyç almak üçin ösdürilip ýetişdirilýän ýörite ösümlikleriň önümçiligi we halk hojalygyny ekologiýa zyýan ýetirmeýän çeşmelerden gözbaş alýan energiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky döwlet syýasaty milli we sebit maksatnamalarynyň çäklerinde daşky gurşaw üçin zyýansyz energetikanyň paýyny artdyrmak, bäsdeşlige ukyply energiýa ulgamlaryny ösdürmek we energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmagy üpjün etmek, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga döwlet goldawyny bermek bilen, bu pudagy ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekde ilatyň saglygyny, zähmetini goramak wezipelerine esaslanýar.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredildi. Häzirki wagtda bu merkezde ylmyň esasy ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri, daşary ýurt bilermenleri bilen duşuşyklary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen sanly ulgamda ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, Arkadag şäheri ýurdumyzda «ýaşyl» energiýa çeşmelerini ösdürmegiň ajaýyp nusgasydyr. Şäheriň ikinji tapgyrynyň çäginde gurluşygy güýçli depginli alnyp barylýan demir ýol we awtomobil menzillerinde gün panelleri ornaşdyrylar. Olar täze toplumlaryň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün eder.