TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ak arzuwlaryň ajaby

Ak arzuwlaryň ajaby

Ak arzuwlaň şineläpdir ajaby,
Arkadag şäheri wysaly onuň.
Dünýäň görlüp-eşdilmedik şäherin,
Görmegi isleýän jahankeşdeler,
«Akylly» şäherde saparda boluň.

 

Binalar — türkmeniň kalbyna meňzeş,
Şaýollarna şabaz atlar ýaraşýar.
Elektromobil,Elektrobus,
«Akylly» duralgaň her birisinde
Seni bagta eltmek üçin garaşýar.

 

Bäş, ýedi hem dokuz gatly jaýlarda
Dünýäň bagtly ynsanlarna duşarsyň.
Mermere örtülen belent binalar,
Dosty dosta, Ili ile duşursyn!


Bir bölek ak bagty ýadyňa salýan,
Ap-ak kepderiler mawy asmanda,
Ajaýyp şäheriň yşkyndan dörän,
Aýdymlary älem-jahana buşlap,
Saýrap-saýrap uçaýmasy ahmaldyr.
 

Gün dogýar mermerden keşbiňi ogşap,
Şöhlesiniň düşüşi-de ajaýyp.
Arkadagyň beýik sungat eseri,
Allaň kereminden dörän, halaýyk.
 

Bu şäher — ýaşlaryň beýik ykbaly,
Bu şäher — ýaşlygyň beýik binýady.
Arkadag şäherin sungata öwren,
«Gurýan döwlet gurply» diýýän türkmeniň
Arhitektor Zürýady...

 

Gurbanmyrat SARYÝEW.

 

* * *

 

Diýerin

Her saba örýän öýümden, öz öýüme bagly men,
Çagalar jagyl-da-jugul, bäş sany çyragly men,
Asuda il-günüm bilen, bir ajaýyp çagly men,
Pasyrdaýar ýaşyl baýdak, başy belent tugly men,
Diýerin: «Arkadagly men» halymdan habar sorasaň.

 

Bu dünýäň çar künji bilen rişdesi baglydyr,
Bir ýany sähraýy ildir, bir tarapy daglydyr.
Her başa telpek geýeni mert türkmeniň ogludyr.
Mylaýymdyr garly gyşy, ýazy bolsa çogludyr,
Diýerin: «Bagtyýardyr» ilimden habar sorasaň.

 

Bardyr gadymy binalam — geçenlerden ýadygär,
Garaşsyzlyk miwesi bu: şany bar, şöhraty bar.
Arkadagly Serdarymyň bent saklamaz bady bar.
Dostluk, doganlyk ýollary, günbe-günden uzaýar,
Diýerin: «Açyk, aýdyň» ýolumdan habar sorasaň.

 

«Dünýä bilen ädim urýas, dünýäniň gözünde biz,
Sähramyz — hazyna-baýlyk, tolkun atýar deňzimiz.
Arkadag — Milli Liderim, polatdandyr erkimiz,
Arkadagly Serdar bilen, bagta barýar halkymyz» —
Eşidersiň bu sözleri, kimden habar sorasaň.

 

Ýegendurdy ÝAGMYROW.

2025-06-1112