
Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek ýoly bilen
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini bütin dünýä äşgär edýär. Döwletimiziň kuwwatly ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda şähergurluşyk pudagynda ýetilen sepgitler hem munuň aýdyň beýanydyr. Eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň nurana geljegini nazarlaýan şeýle asylly işler Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ady we hemmelere nusgalyk tejribesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň döredijilik paýhasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gönükdirilen ähli ugurlarda, şeýle hem ägirt uly gurluşyk taslamalarynda öz beýanyny tapýar.
Halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolýan Türkmenistan döwletimiziň paýtagty, «Aziýanyň merjen şäheri» adyna eýe bolan ak mermerli Aşgabat, sebitde deňi-taýy bolmadyk, «akylly» şäher hökmünde tanalýan Arkadag şäheri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary bilen ýurdumyzyň we dünýäniň şäher gurluşygynyň ajaýyp üstünligini emele getirdi. Öňdebaryjy binagärlik-gurluşyk çözgütleri, täze sanly tehnologiýalar, kompýuter tilsimatlary esasynda bina edilýän şäherler, döwrebap binalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerini, ösüş-özgerişini dabaralandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalara beslenýän günleriniň birinde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan abatlaýyş we rejeleýiş işleri bilen tanyşmagy taryhy ähmiýetli waka boldy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp, olarda halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň, asylly däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň mynasyp orun eýelemelidigi baradaky tabşyryklary milli binagärlik-gurluşyk pudagynyň geljeginden habar berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşretli, sapaly durmuşyny, nurana geljegini hem-de her bir adamy döwletiň gymmatly baýlygy hökmünde öňe çykaryp, ýurdumyzda gurulýan her bir desganyňdyr binanyň, şeýle hem Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny alamatlandyrýan täze şäherleriň gurluşygynda, esasan, ilatyň erkin, döwrebap şertlerde, oňaýly gurşawda ýaşamagyny gazanmagy çuňňur alada etmegi örän buýsandyryjydyr. Biz muňa Milli Liderimiziň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri boýunça yzygiderli amala aşyrýan iş saparlaryndan hem aýdyň göz ýetirýäris. Taryh üçin örän gysga wagtyň içinde gözel paýtagtymyz Aşgabat, ençeme halkara baýraklaryna mynasyp bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň nurana geljeginiň nyşanyna öwrüldi. Döwrebap desgalaryň özboluşly binagärlik keşbi bilen görenleri haýran galdyrýan Aşgabat, Arkadag şäherleri, ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän ýaşaýyş merkezleri bolsa bu bellenenleriň aýdyň nyşany bolup, halkyň hyzmatynda.
Gahryman Arkadagymyz Aşgabat, Arkadag şäherlerine amala aşyrýan iş saparlarynda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde hiç hili ownuk zadyň ýokdugyny nygtap, tabşyryp, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi, desgalaryň häzirki döwrüň ruhy bilen sazlaşmalydygy baradaky öwüt-nesihatlary berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, netijeli maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bilen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, gurluşyk serişdelerini, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürijiler işjeň çekilýär. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň belli kompaniýalarynyň ýolbaşçy düzümleri bilen yzygiderli duşuşyp, özara bähbitli gatnaşyklary, ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, baş şäherimiz Aşgabadyň, «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň binagärlik-gurluşyk keşbini has-da özgertmek boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça gazanylýan ylalaşyklar hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik-gurluşyk işinde köpýyllyk tejribesiniň bolmagy, halkymyzyň milliligine, taryhy dünýäsine çuňňur düşünmegi, nurana geljegini aýdyň göz öňüne getirip bilmegi, her bir türkmenistanlynyň ýürek urgusyny duýup, onuň arzuw-umytlaryna düşünmegi täze gurulýan desganyň we binanyň, galyberse-de, şäherleriň süňňüne ornap, olar ösüşleri nazarlaýar.







