
Arkadagly illerde Gurban baýramy bellenildi
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem Gurban baýramy ýokary derejede geçirildi. Ýaşaýjylar ojaklarynda toý desterhanyny ýazdylar, bir-birege myhman bolup, ýagşy arzuw-dileglerini aýdyşdylar. Halkymyza mahsus myhmansöýerligiň belent nusgasyny görkezdiler.
Gurban baýramy agzybirligi, dostlugy dabaralandyrýar. Şonuň üçin onuň ilkinji gününde baýram namazy okalyp, ýagşy doga-dilegler edilýär. Agzybirligiň we sahawatlylygyň bu baýramynda her bir ynsan birek-birege hormat goýmagyň, milli tagamlary taýýarlap hödür etmegiň, şol günleri ýakynlary, dogan-garyndaşlary bilen bilelikde agzybirlikde geçirmegiň gymmatyna düşünýär. Birek-birege ýagşy arzuw-niýetler edilip, saçaklar naz-nygmatlar bilen bezelýär.
Gahryman hajy Arkadagymyz: «Türkmenleriň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine gabat gelýän bu ajaýyp baýramçylygyň hoşniýetlilige we päkýüreklilige çagyrýan däpleri ajaýyp Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegine bolan ynamy pugtalandyrmak bilen, parahatçylygyň sazlaşygyna, ýurdumyzyň döredijilik başlangyçlarynyň dabaralanmagyna ýardam edýär hem-de çuňňur mana eýe bolýar. Gurbanlyk Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip we nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dostluk hakyndaky dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny özünde jemleýän, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ajaýyp baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu baýram bizi döredijilikli täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar» diýip belleýär.

Döwrüň özgerýändigine, täze ösüşleriň jemgyýete ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň gadymdan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlarynyň, baýramçylyklarynyň ähmiýeti barha artýar. Çünki milli baýramlaryň geljekki nesillere gowy terbiýe bermekde mynasyp paýy bardyr. Ol baýramlar zähmetsöýerlik, adamkärçilik, päklik ýaly milli häsiýetleri, uluny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeleri has-da pugtalandyrýar. Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzda Gurban baýramy her ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär. Şonuň esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Gurban baýramy günlerinde hiňňildikleriň dikilmegi, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi bu baýramçylyga aýratyn şowhun berýär. Gurban baýramynyň täze şäherde uly tutum bilen geçirilmegi has-da ähmiýetli boldy. Şäheriň gözel ýerlerinde ýörite hiňňildikler dikilip, sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlandy. Şeýle hem baýram günlerinde aýat-töwir okalyp, dünýäde parahatçylyk söýüjiligi öňe sürýän eziz Watanymyzyň asmanynyň abat, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, türkmen halkyny eşretli günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi. Şäherdäki hiňňildikleriň nal şekilinde guralmagy, baýramçylykda ähli däp-dessurlaryň ýerine ýetirilmegi türkmeniň döwletliliginden nyşandyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu baýramyň şanyna üç günüň dowamynda welaýatlarymyzyň merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda, dünýäniň iň owadan şäherlerine öwrülen Aşgabadyň we Arkadagyň seýilgählerinde, medeni merkezlerinde, teatrlarynda şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrýan baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri uly dabaralar bilen geçirilýär. Toý günlerinde her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Ýer ýüzündäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, bagtyýar durmuşymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin gurbanlyk sadakalary berlip, aýat-töwir okalýar, ýagşy dilegler edilýär.
Bu baýramda gurbanşor edilmeginiň hem-de täze geýim geýmekligiň halkymyzyň däp-dessurlarymyzyň hataryna goşulan gymmatlykdygy aýdyňdyr. Birek-birekden duz-tagam dadyp, döwletli ojaklara rysgal dilemek, diňe bir saçaklaryň berekedini artdyrman, eýsem, ynsanyň göwnüni hem galkyndyrýar.
Türkmen halkynyň milli ahlak gymmatlyklaryna gabat gelýän Gurban baýramy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hoşniýetliligiň, päkýürekliligiň we ynsanperwerligiň nusgasy bolup dabaralandy. Halkymyzyň agzybir, eşretli durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrdy. Şanly ýylda halkymyzyň agzybirligini we mizemez jebisligini has hem pugtalandyran mukaddes Gurban baýramy bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan ata Watanymyzyň berkararlygyny hem-de rowaçlygyny, parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan Bitaraplygyny, nurana geljegini nobatdaky gezek äşgär etdi.