
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Gadyrly myhmanlar!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz ähli ösüşlerimizi ylym bilen aýrylmaz baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara ylmy maslahatyň alymlaryň ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary babatda özara tejribe alyşmaklarynda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Taryhy gelip çykyşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halky ähli döwürlerde ylymda sebit derejesinde hem, dünýä derejesinde hem uly üstünlikleri gazanypdyr. Ylym dünýäsine belent derejelere ýeten şahsyýetleri beren biziň halkymyz hiç bir döwürde hem ylymdan üzňe bolmandyr. Biziň mukaddes topragymyz geçmişde ykbalyny ylym bilen mäkäm baglan görnükli akyldarlaryň, alymlaryň, söz ussatlarynyň mekany bolupdyr. Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy beýik ylmy açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň dabaralanýan Diýaryna öwürmek üçin köp tagalla edýäris. Bu belent maksadymyza ýetmek üçin ähli zerur şertleri döredýäris hem-de toplumlaýyn maksatnamalary amala aşyrýarys.
Milli ykdysadyýetimizi innowasiýalar esasynda diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak hem-de senagatlaşdyrmak ugrundaky işler bilen utgaşykly innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, täze ylmy işläp taýýarlamalary, oýlap tapyş çözgütlerini milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli maliýe, maddy-tehniki goldawlary berýäris.
Dünýä jemgyýetçiliginiň biziň çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimize bolan gyzyklanmasynyň has-da artýan döwründe milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan ylym ulgamynyň depginli ösdürilmegine, ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagyna, aýratyn-da, häzirki zamanyň ösen bilimlerinden we ylymlaryndan oňat baş çykarýan zehinli, ýaş hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň toplumlaýyn esasda taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berýäris. Hünär derejelerini ýokarlandyrmak we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin alymlarymyzy öňdebaryjy daşary ýurt döwletleriniň merkezlerine iş saparlaryna ugradýarys, olaryň halkara ylmy-barlag maksatnamalaryna gatnaşmaklaryna ýardam edýäris.
Hormatly adamlar!
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ylmy başlangyçlaryndan we gymmatly ylmy taglymatlaryndan ugur alyp, ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki we ylmy-taslama merkezlerinde alymlarymyzyň döwrebap, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmaklaryna, bäsdeşlige ukyply, galyndysyz we ekologik taýdan howpsuz, ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmeklerine hem-de innowasiýalary işläp taýýarlamaklaryna aýratyn üns berýäris. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» esasynda, ýokary tehnologiýalary döretmegiň ileri tutulýan ugurlary has-da kämilleşdirilýär. Şeýle hem geljegi uly tehnologiýalaryň önümçilikleri babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň mümkinçilikleriniň özara baglanyşygyny üpjün etmek ugrunda işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine ýetmegini üpjün etmek üçin täze döredijilik mümkinçiliklerini açýar.
Gadyrly myhmanlar!
Ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurduň ylmy-tehniki ösüş derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir. Bu ugurda iri halkara guramalar, gaznalar, assosiasiýalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmak arkaly ylym hem-de tehnologiýalar ulgamynda ýurdumyz üçin möhüm düýpli we amaly-ylmy meseleler boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar.
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Gadyrly myhmanlar!
Sizi Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuş, dünýäniň umumy ösüşine hem-de bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.