
Türkmençilik
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan:
— Watanyň ykbaly bilen bagly ýaşaýyş durky bilen mähribanlykdyr. Şol ýaşaýşy dolandyrýanam ýagşy niýetden köňülde güýjäp, dünýä inýän gurbatdyr. Ine, şu ynamyň gadymdan bäri her bir türkmen perzendiniň aňynda ýaşaýandygyna men ynanýaryn. Çünki daş-töweregiňe ýüregiňde söýgi bolmazdan, bu dünýä ruhy dowamat galdyryp bolmaýar. Bu matematikanyň usullary bilen subut edilmedigem bolsa, durmuşyň tejribesiniň, milli ruhy aňlaýşyň subut eden hakykatydyr. Şol hem her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Beýle diýýänim, türkmen öz perzendine, «Şu şeýle edilipdir, senem şoňa eýer» diýip, täze bir taglymat döretmedi. Ony öz aslynda ýaşatdy. Oňa hem ilçilikde, üýtgeşik, çylşyrymly kesgitleme berilmän, oňa ýönekeý dilde, «türkmençilik» diýilýär. Mahlasy, atalaryň öwüdi ruhy hadysa bolup ýaşady. Ol her bir döwrüňem hökmanlygydy, hut şonuň üçinem, «türkmençilik» adamlaryň ýüreklerinde ýaşady. Ýürekde ýaşaýan gymmatlyklar hemişe içde bolup, şahsyýeti dolandyrýar. Sebäbi ýüregiň özi ýaşyrynlykdyr. Biziň ruhy gymmatlyklarymyz aňymyzda, janymyzda, ýüregimizde ýaşan gymmatlyklardyr. Gadymy-gadymy siwilizasiýalaryň ençe-ençe açyşlary dünýä berip, ahyrynda hem diňe ady galanlary bar ahbetin?! Şu ýerde ata-babalarymyzyň «Ýiti gyzyl tiz solar» diýýäninem ýatlap geçeýin. Türkmençilikde jemgyýetde eýerilmeli hökmany kadalary birek-birege aýdyp ýanjamaga eltýän durmuş pursatlary oýlandyrýar. Muny aýdýanym, özüňden bilmeli zady aýtdyrmak ynsanlyk mertebäňi kiçeltmek ýaly görülýär.
* * *
Owalynda «türkmençilik» diýen ylym ýokdur. Türkmençilik diýilýän asylly ýörelgeler ylmy esasda heniz doly açylan hem däldir. Ýöne onuň düýpli öwrenilmegi wajypdyr. Men muny nygtap aýdýaryn. Döwrüň pähim-paýhas ýörelgelerini aýdyň etmegiň düýp esasy türkmençilikdedir. Häzirki döwrüň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýeke-täk aýnasyny men gursagymyza guýlan, aňymyzda berkän şol ýörelgelerde görýärin.
* * *
Türkmençilik Oguz hanyň agzybirlik taglymatydyr. Häzirki döwürde bu taglymat dünýä halklarynyň parahatçylykly maksatlarynda jem bolup, ösüşinde dabaralanýar.
* * *
Türkmençilik Oguz döwletliligidir. Ogzuň nesilleriniň özlerinden soňrakylara galdyran «Oguznamalarydyr».