
Atçylykda ylmy esaslar
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri ahalteke tohum atlarynyň saglygyny goramak maksady bilen birnäçe döwrebap enjamlaryň peýdaly täsirlerini ylmy esasda öwrenýärler. Atlaryň duýgurlygyny we häsiýetlerini göz öňünde tutup, merkeziň ylmy-kliniki bölüminiň hünärmenleri atlarda agyry döretmeýän peýdaly enjamlary hem-de olaryň dürli usulyýetlerini ulanmagy maksat edinýärler.
Belli bolşy ýaly, atlarda dürli şikesler, ýaralar we çişler, köplenç, olaryň aýaklarynda we toýnaklarynda duş gelýär. Şonuň üçin merkeziň ylmy işgärleri anyklaýyş we bejeriş işlerine degişli bolan dürli şikeslere garşy innowasiýa terapiýalaryň usulyýetlerini saýladylar. Olar rentgenografiýa, ultrases tolkunly anyklaýyş işleri, telemetriýa, magnitoterapiýa, lazer şöhleli terapiýa, ultrases tolkunly terapiýa we emeli Gün şöhleli terapewtik usullardan ybaratdyr.
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy-kliniki bölüminde atlarda dürli keselleri anyklamaga gönükdirilen ýörite keselleri anyklaýyş bölümçesi hereket edýär. Bu bölümçede weterinar lukmanlar «Eсoray» kompaniýasynyň «Ultra 100» rentgen enjamynyň kömegi bilen atlarda duş gelýän dürli keselleri, şikesleri anyklaýarlar. Enjam, esasan, ortopediýa anyklaýyş işlerini ýerine ýetirmäge, şol sanda döwlen ýa-da ýenjilen süňkleriň ýagdaýyny anyklamaga, atlaryň içki ulgamlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge ýardam edýär. «Ultra 100» rentgen enjamynyň aýratynlygy onuň ýeňilliginde we rahatlygyndadyr. Merkeziň ylmy-kliniki bölüminiň hünärmenleri bu enjamda alnan rentgen suratlaryň hiline örän ýokary baha berýärler we ony giňden ulanýarlar. Rentgen enjamynyň uly bolmadyk göwrümi atyň çar tarapyndan iş geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu enjamda alnan rentgen suratlary ýörite kompýuter programmasynda golaýladyp ýa-da çar tarapa öwrüp görmek mümkin.
Atlaryň dürli ýagdaýda ýüze çykan içki şikeslerini anyklamaga kiçi göwrümli ultrases tolkunly «MyLabSigmaVET» we uly göwrümli bolan «MyLabX5Vet» enjamlary giňden ulanylýar. Bu enjamlar atyň nerw we süňk damarlaryny, dürli çişleri, şikesli dokumalary barlamaga, şeýle hem garyn-içege we jyns ulgamlaryna gözegçilik etmäge ýardam edýär.
Mundan başga-da, anyklaýyş bölümçesinde birnäçe kiçi göwrümli innowasion ulgamlar bar. Olar teplowizor, wideoendoskop, elektron görnüşli terezi, stetoskop, termometr ýaly elektron enjamlardan ybarat. Anyklaýyş işlerinde, esasan, teplowizor we wideoendoskop enjamlary giňden ulanylýar. Teplowizor «FLIR E4» — infragyzyl şöhleli innowasion enjam. Bu enjam lukmanlara atyň şikeslenen ulgamlarynyň gyzgynlygyny ölçemäge, göze görünmeýän zeperleri anyklamaga, içki we daşky ulgamlaryň, aýaklarynyň we toýnaklarynyň ýagdaýlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy-kliniki bölüminiň bejeriş bölümçesinde weterinar lukmanlar şikeslenen atlarda dürli fizioterapewtik enjamlaryň täsirlerini ylmy taýdan giňden öwrenýärler. Olara «Biomag Lumina» magnitoterapiýa,«Sonopuls 490» ultrases tolkunly, «Endopuls 811» urgy-tolkunly, «ASA» lazer, «Horse Gym 2000» GmbH terapewtik solýariý we beýleki döwrebap enjamlar degişlidir.
Atlaryň lazer terapiýasy
«ASA» lazer enjamy, esasan, dürli bejergilerde «pes derejeli lazer bejergi» ýa-da «lazer ýagtylyk terapiýasy» hökmünde ulanylýar. Enjam zeper ýeten ulgamlara, dokumalara lazer şöhleleriniň peýdaly täsirini ýetirýär. Ýagny bu terapiýa:
— öýjüklerde metaboliki prosesleriň kadaly geçmegine ýardam edýär. Lazer şöhleler öýjük mitohondriýalaryň işjeňligini ýokarlandyrýar, öýjüklerde bolup geçýän metaboliki prosesleri çaltlaşdyrýar we zeper ýeten dokumalaryň täzelenmegine ýardam edýär;
— gan aýlanyşygyna peýdaly täsirini ýetirýär. Lazer şöhleler gan damarlary giňeldýär we zeper ýeten dokumalaryň gan aýlanyşygyny ýokarlandyrýar, şeýle hem dokumalaryň iýmitlenmegine we dikelmegine peýdasyny ýetirýär;
— analgesiki täsir edýär. Lazer şöhleler nerw damarlaryna täsirini ýetirip, bedendäki agyrylaryň azalmagyna, atlaryň rahatlanmagyna, şeýle hem olaryň myşsa dokumalarynyň gowşamagyna ýardam edýär.
Lazer terapiýasy zyýansyz usullara degişli bolup, atlaryň aýaklarynda we endamynda döreýän çişlere, myşsalaryň we süňk bogunlaryň şikeslenmegine, artrit, tendinit we beýleki kesellere garşy peýdalydyr. Bu terapiýa atlarda agyry ýa-da rahatsyzlyk ýagdaýlaryny döretmeýär. Umuman, lazer terapiýasy beden dokumalaryň täzelenmegine (regenerasiýa) täsir edýär, ýaralaryň tiz bitmegine, çişleriň aýrylmagyna, şeýle hem täze dokumalaryň emele gelmegine ýardam edýär. Terapiýa adatça çalt we peýdalydyr.
Atlaryň magnitoterapiýasy
«Biomag® Lumina» magnitoterapiýa enjamy weterinariýa lukmançylygynda giňden ulanylýar we ol pes ýygylykly impulsly magnit meýdanyny döredýär. Pes ýygylykly magnit meýdany atlaryň bedenine aralaşyp, agyrysyz, zyýansyz we fiziki işjeňligi dikeldiji häsiýete eýedir. Belli bolşy ýaly, pes ýygylykly magnit meýdany dürli ulgamlaryň öýjüklerinde biohimiki, biofiziki reaksiýalaryň geçmegine täsirini ýetirýär we onuň netijesinde zeperlenen dokumalarda ýokumly we gerekli maddalaryň mukdary ýokarlanýar, metaboliki hadysalar kadaly geçmegine ýardam berýär. Atlaryň magnitoterapiýasy esasan oňurga, aýak bogunlarynyň kesellerinde, içki ulgamlaryň degeneratiw ýagdaýlarynda we operasiýadan soňky bejergilerde giňden ulanylýar.
Atlaryň ultrases we urgy tolkunly terapiýasy
«Sonopuls 490» ultrases enjamy iň soňky innowasiýa enjamlaryň nesline degişli bolup, dürli çuňluklarda ýerleşýän dokumalara oňat täsirini ýetirýär. Uly bolmadyk radiasiýa impulsy bedeniň ownuk bogunlaryna we beýleki şikeslenen dokumalaryna peýdaly täsirini ýetirýär. Bu enjamyň kiçi göwrümi we agramy athanalarda, toplumlarda we meýdanlarda aňsatlyk bilen ulanylmagyna mümkinçilik berýär. «Sonopuls 490» ultrases enjamy esasan aýak bogunlarynyň, süňk we myşsa dokumalarynyň alawlanmagynda, artrit, newrit, gan aýlanşygynyň bozulmagynda, içki we daşky ulgamlardaky şikeslerde giňden ulanylýar.
«Endopuls 811» urgy tolkunly enjamy pes ýygylykly akustiki tolkunlaryň beden dokumalara edýän täsiri bilen tapawutlanýar. «Endopuls 811» tolkun şekilli bejergilere degişli bolan innowasiýa enjamydyr. Tolkun şekilli bejergiler esasan atlaryň aýak bogunlarynyň kesellerinde (bursit, sinowit we ş.m.) ulanylýar. Enjamda emele gelýän energiýa beden dokumalarynda madda çalşygynyň we gan aýlanyşygynyň ýokarlanmagyna, şeýle hem zeperlenen ulgamlaryň dikelmegine ýardam edýär.
Umuman, «Endopuls 811» urgy-tolkunly enjamy atlarda bejeriş tapgyrlarynyň gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegine ýardam edýär we ýokary netije berýär.