TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Akylly» şäher: sanly tehnologiýalar

«Akylly» şäher: sanly tehnologiýalar

«Akylly» şäher başlangyçlarynyň esasy maksady, daşky gurşaw meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Şeýle şäherler uly maglumatlary, internet we «bulut» hasaplamalary ýaly täze tehnologiýalary, kämil hem «akylly» serişdeleri ulanmaga esaslanýar.

Binalaryň energiýasyny tygşytlamak, elektrik üpjünçiligini üznüksiz we ygtybarly edýän sanly we emeli aň tehnologiýalary «akylly» şäheriň energiýa dolandyryşyny täze derejä çykarýar. Geçmişde elektrik energiýasynda işleýän enjamlarda näsazlyklar ýüze çykansoň, olarda düzediş işleri geçirilýän bolsa, emeli aň ol düşünjäni üýtgetdi. Emeli aňyň algoritmleri enjamlardaky datçiklerden, transformatorlardan toplanan maglumatlary jemläp, ýüze çykmagy mümkin näsazlyklary çaklap bilýär. Bu bolsa wagtynda öňüni alyş hyzmatyny, ýagny profilaktika işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

«Akylly» şäheriň durnukly ösüşi üçin ulag ulgamy hem möhüm ugurlaryň biridir. Ulaglaryň ýolyşyklarynda durup, sarp edýän wagtlary diňe ýangyjyň azalmagyna sebäp bolman, howanyň hapalanmagyna-da getirýär. Emeli aň ýol hereketlerini gözegçilikde saklamagyň, has arassa we netijeli ulanmagyň möhüm guralyna öwrülýär. Meselem, ol ulaglaryň akymyna baglylykda ýolyşyklaryny sazlap bilýär, sensorlardan, kameralardan we GPS enjamlaryndan onlaýn maglumatlary seljerýär. «Akylly» awtoulag duralgasynyň elýeterliligini çaklamak üçin hem emeli aňyň mümkinçilikleri ulanylýar. Ol sürüjileriň duralganyň boş ýerleri barada maglumat almagyny, ýollardaky oňaýsyzlygy we dyknyşygy azaltmaga kömek edýär. Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäherinde hereket edýän elektrobuslar elektrik energiýasy bilen işleýän köpçülikleýin şäher ulagynyň bir görnüşidir. Onda dizel ýangyjynyň ýerine elektrik ulanylýar, şeýlelikde, ol daşky gurşaw üçin howpsuz bolup, atmosfera zyýanly zyňyndylary taşlamaýar we sessiz diýen ýaly hereket edýär. Bu bolsa «akylly» şäher taslamasynyň maksatlaryna dogry gelýär.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ähli pudaklara ornaşdyrylmagy önümçiligi we gündelik durmuş hajatlaryny uzak aralykdan awtomatik dolandyrmagyň we sazlamagyň, şeýlelikde, dünýäde «akylly» jemgyýeti döretmegiň esaslandyryjysy hasaplanýar. Häzirki zaman şertlerinde «akylly» şäher iň öňdebaryjy innowasion usullary we dünýä tejribesinde ileri tutulýan sanly özgertmeleri özünde jemleýär. Hususan-da, ulag-aragatnaşyk, jemgyýetçilik hyzmatlary, howpsuzlygy, bilim, saglygy goraýyş we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar ileri tutulýar.

2025-06-1111