
Nagyşlary nepis nama
Türkmenistanyň çäklerinde geçirilýän arheologik gazuw-barlag işleri esasynda ýüze çykarylan tapyndylar halkyň çeperçilik däbiniň iňňän gadymdan gelýändigine güwä geçýär. Olaryň käbirleri miladydan öňki IV müňýyllygyň keramiki nagyşlaryna baryp ýetýär.
Keramika gaplaryň ýüzündäki atanak nagyşlar, basgançakly piramidalar, uly egrem-bugram, romb nagyşlarynyň köp ýaýran äheňi XIX-XX asyrlardaky türkmen halylarynyň nagşy bilen doly diýen ýaly meňzeşdir. Edebiýatlarda keramikanyň nagyşlarynyň gadymy halylardan alnandygy hakyndaky pikirlere duşmak bolýar. Gadymy keramika nagyşlary gabyň ýokarky böleginiň daşyna gurşalan adaty kese aýlawy bolup durýar. Nagyşlaryň ähli äheňleri inedördül esasda basgançakly çyzyklaryň ýa-da romb gözenegiň göni çyzyklaryndan döredilipdir. Nagyşlaryň tekiz ýüzli zatlarda döremegi bütinleý tebigydyr. Bu häsiýetli alamatlaryň hemmesi Göksüýri we Garadepe ýadygärliklerinden tapylan tapyndylardaky nagyşlaryň tekiz, ikitaraply ýüzüň üstünde çyrmaşdyrmak esasynda dörändigini görkezýär.
Türkmen halylaryndaky nagyşlar, köplenç, gülleriň, ösümlikleriň, guşlaryň, dürli haýwanlaryň şekillerini alamatlandyrýar. Wagtyň geçmegi bilen ol şekiller nagyş görnüşine geçipdir. Şeýle-de bolsa, olaryň käbiri öz asyl nusgasyny saklapdyr. Türkmen topragy hala zerur bolan ähli çig mallara hem örän baýdyr. Saryja goýnuň ýüňüniň, tebigy boýaglaryň köplügi, bu sungatyň gadymy döwürlerden şu günlere gelmegine, onuň gymmatly nusgalarynyň ýitip gitmezligine sebäp bolupdyr. Güýz — hozuň, zirkiň, bahar — dubuň, talyň, almanyň möwsümi. Zagpyrany, alçany, aýwany diňe güllän döwründe peýdalanyp bolýar, käbir güller bolsa tersine — diňe solan wagty zerur. Olary ýygyp, guradyp, boýag hökmünde ulanyljak wagtyna çenli uzak wagtlap saklaýarlar. Boýaglary taýýarlamagyň öz aýratyn syrlary bar. Meselem, birnäçe garyndylaryň düzüm bölegini aýratyn gaplarda, ýagny mis gazanlarda gaýnatmaly. Her zadyň öz manysy bar, okislenmek bilen bagly himiki prosesler mis gazanda haýal gyzyp, haýal hem sowaýar. Häzirki wagtda onuň taýýarlanylyşynyň birnäçe kämil usullary oýlanyp tapyldy. Halyçylykda gadymdan ýörgünli bolan tebigy boýaglary ulanmak halylara göze ýakymly täze öwüşgin berýär. Döwrebap halylary ýüpekden, düşegini açyk reňklerden dokamak olara aýratyn görk berýär.
Türkmen halyçylyk sungaty diňe bir halk sungatynyň bahasyz ýadygärliginiň, onuň çig mal baýlygynyň we halkyň beýik ruhunyň nyşany bolman, halkymyzyň taryhyny öwrenmekde tükeniksiz çeşmedir. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zallarynda we gaznasynda öýüň bezegi bolan haly önümleriniň birnäçe görnüşi goralyp saklanýar, ylmy taýdan öwrenilýär we onuň inçe syrlary halka ýetirilýär.