
Ykdysady üstünlikleriň nyşany
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň bilelikde guramagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli «Türkmen manady — ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň nyşany» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň maliýe-bank pudagynyň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri, bank ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, döwrebap bank hyzmatlary, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmekde döredilýän mümkinçilikler, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüşini ýokary derejelere çykaran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.







