Ikinji duşuşyk, ikinji ýeňiş: «ARKADAG» topary çärýek finalyň bosagasynda
Milli ýaryşlarda gysga wagtda rekordlaryň birnäçesini täzelän, Ýer ýüzüniň henize çenli ýeňilmedik ýeke-täk professional kluby bolan "ARKADAG" topary ýeňişlere beslenen ýoluny halkara giňişlikde hem dowam edýär. Ýurdumyzyň çempiony AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde mundan birnäçe minut ozal tamamlanan duşuşykda AFK-nyň kubogynyň iň soňky möwsüminiň ýarymfinalçysyny - Gyrgyz Respublikasynyň "Abdyş-Ata" toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş "Arkadag" toparyny ýaryşyň çärýekfinalyna ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy.
Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 27-nji minutda Şamämmet Hydyrow, 49-njy minutda bolsa Abdy Bäşimow geçirdi. Gollaryň assistlerini degişlilikde Altymyrat Annadurdyýew (hüjümiň çep ganatyndan) bilen Arslanmyrat Amanow (Meýdanyň burçundan) etdi.
Bu ýeňişden soň "ARKADAG" topary utugyny 6-a çykaryp, toparçanyň birinji orundaky ýerini gorady. Ýurdumyzyň çempiony "B" toparçadaky ikinji duşuşygyň netijesine bagly bolmazdan, bu tapgyry birinji orunda tamamlar. Toparçanyň ikinji duşuşygy sagat 23:30-da başlanar. Onda birinji tapgyrda utulan iki topar - "Maziýa" bilen "Al-Arabi" güýç synanyşar. Eger bu duşuşyk deňlikde tamamlansa, "Arkadag" topary wagtyndan ozal çärýek finala çykar.