Gatnawlaryň ýygylygy — ýolagçylara ygtybarlylyk
Arkadag şäherinde elektrobuslaryň, elektromobilleriň hyzmatlarynyň ýokary derejede ýola goýulmagy ýolagçylaryň amatly hereket etmekleri üçin döwrebap çözgütdir. Şunda ulaglarda «QR-kod» hyzmatynyň hem-de taksi sargyt etmek üçin ygtybarly programma üpjünçiliginiň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Häzirki wagtda Arkadag şäherinde Türkmenistanda jemgyýetçilik ulagy hökmünde ilkinji gezek ulanylýan «Yutong» (ZK6128BEVG) kysymly elektrobuslar hereket edýär. «Akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň has amatly şertlerde hereket etmekleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen «4-lük» belgili täze ugur boýunça elektrobus gatnawy ýola goýuldy.
Täze gatnaw «akylly» şäheriň merkezi böleklerine çenli baryp ýetýär. Bu bolsa ýolagçylaryň barjak ýerlerine tiz we ygtybarly ýetmeklerini üpjün edýär. Täze ýola goýlan «4-lük» belgili elektrobus «Akhan» binasy — Berdimuhamet Annaýew şaýoly ugry boýunça hereket edýär. Täze ugur boýunça hereket «Akhan» binasyndan başlap, şäheriň Aba Annaýew şaýoluna düşýär. Soňra hereketiň gidişi we gaýdyşy şundan ybarat: Kärizek şaýoly — Berdi Kerbabaýew — Magtymguly Pyragy — Nury Halmämmedow köçeleri — Berdimuhamet Annaýew şaýoly — Mälikguly Berdimuhamedow şaýoly — Berdimuhamet Annaýew şaýoly — Çary Baýryýew — Magtymguly Pyragy — Berdi Kerbabaýew köçeleri — Kärizek şaýoly — Aba Annaýew şaýoly — Keýmir kör şaýoly — Kerim Gurbannepesow — Gowşut han köçeleri — Aba Annaýew şaýoly — «Akhan» binasy.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gözellikleri, binagärlik aýratynlyklary, dowam edýän iri gurluşyk taslamalary, şeýle hem tebigatyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşmegi hiç bir ynsany biparh goýanok. Elbetde, ildeşlerimiziň ýoly ýeňil geçmekleri, şähere arkaýynlyk bilen aşmaklary üçin hem döwrebap şertler göz öňünde tutulan. Häzirki wagtda «Arkadag — Wokzal», «Arkadag — Bäherden» aralyklarynda hereket edýän mikroawtobuslar aňryýany bilen bu wezipäniň hötdesinden gelýärler. Mundan başga-da, «Arkadag — Teke bazar», «Arkadag — Wokzal» aralyklary boýunça «100» we «101» belgili ýolagçy awtobuslarynyň üznüksiz hereketleri ýola goýuldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkyň eşretli durmuşy, abadan geljegi ugrunda bitirilýän işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.