«Mirasdyr bu pederimden»
Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bu ýylda hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda uly dabara beslendi. Bu baýramçylygyň dowamynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň hem-de türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.
Türkmen alabaýynyň baýramyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Toý lybasyna beslenen toplumyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar bilen myhmanlar garşylandy. Soňra baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Onda türkmen alabaýynyň wepadarlygyny, dogumlylygyny, arassa ganlylygyny hem-de wepaly dostlugyny beýan edýän birnäçe surat, heýkel eserleri ýerleşdirilipdir.
Soňra «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigine gatnaşýan saýlama alabaýlaryň gözden geçirilişi boldy. Onda türkmen alabaýlarynyň daşky keşbiniň owadanlygyna hem-de buýruklary ýerine ýetirişiniň dogry we dürslügine seredildi. Bu halkara bäsleşige saýlama türkmen alabaýlarynyň 10-sy gatnaşdy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisiniň yglan edilmegi toý şowhunyny has-da artdyrdy. Bu bäsleşikde Aşgabat şäherinden hususy itşynas R.Kerimowyň ösdürip ýetişdiren, 2019-njy ýylda doglan, gerşiniň beýikligi 79 santimetr, kese uzynlygy 84 santimetr bolan, atasyna Ýolbars, enesine Marjina diýilýän Akguş atly alabaý ýeňiji diýip yglan edildi. Onuň eýesine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy we ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.
— Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi yzygiderli geçirilýär. Bu gezekki halkara bäsleşikde öz tälim beren Akguş atly alabaýym bilen Baş baýraga hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldum. Itşynaslara döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun — diýip, hususy itşynas Rahym Kerimow aýdýar.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda «Türkmen alabaýy» atly haly eseri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy A.Orazgulyýewa, «Türkmen alabaýy» atly surat eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy B.Sytdyhow, «Edermen türkmen alabaýy» atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Şöhratgeldiýewa, «Türkmen alabaýlary» atly neşir işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Ata Muhammet Ahmet, «Edermen türkmen alabaýy» atly teleoperatorçylyk işi üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy E.Çaryýew dagy degişli ugurlarda bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.