TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Durnukly ösüşiň kepili

Durnukly ösüşiň kepili

Milli manadymyzyň dolanyşyga goýberilmegi giň möçberli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen özbaşdak pul-karz syýasatyny alyp barmaga ýardam berdi. Bu babatda Esasy Kanunymyzda hem aýratyn bellenilip geçilýär we onuň kanuny binýady berkidilýär.

Has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň bank ulgamy ýurdumyzda ýeke-täk pul-karz syýasatyny alyp barýan Merkezi banky we beýleki bank edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky nagt pul dolanyşygyny guramagy we hasaplaşyk töleg ulgamynyň netijeli işlemegini hem-de beýleki wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýän edaradyr.

Ýurdumyzda milli manadymyz bilen bagly kanunçylygyň kämilleşdirilmegi we yzygiderli pugtalandyrylmagy Diýarymyzda amala aşyrylýan pul-karz syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna mümkinçilik berýär. Esasy Kanunymyzda türkmen milli manadynyň ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýandygy nygtalyp geçilýär. Globallaşma hadysasynyň çuňlaşýan we ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýän häzirki zaman şertlerinde bolsa, daşary söwdada pula gözegçilik etmek babatda bar bolan wezipeleri ýerine ýetirmek işleri «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki hukuk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl dolýar. Geçilen 31 ýyllyk taryhy ýol bolsa, maliýe, ykdysady we bank ulgamynda ýetilen ajaýyp sepgitlere, gazanylan beýik ösüşlere hem-de amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere baý boldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan pul-karz syýasaty netijesinde ajaýyp ösüşler gazanylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylyp, bank ulgamynda geçirilýän özgertmeler esasynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldilýär we olaryň täze görnüşleri önümçilige ornaşdyrylýar. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly hyzmatlar nagt däl hasaplaşyklaryň häzirki zaman görnüşleri bolup durýar.

2024-10-30180