TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gülden görkli

Gülden görkli

Ekologiýa taýdan arassa, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri tebigat gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ajaýyp şäheriň owadanlygyny, arassalygyny saklamakda hem-de dürli görnüşli güller bilen bezemekde şäheriň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň hem öz mynasyp paýy bar. Olar «akylly» şäheriň çäklerinde, şaýollaryň we köçeleriň, edara binalarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň töwereklerinde bezeg baglaryny hem-de dürli reňkli gülleri oturdýarlar. Bu babatda Arkadag şäheriniň häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň bagbany Güljemal Muhammedowa bize şeýle gürrüň berdi:

— Her bir işde irginsiz zähmet zerur. Sebäbi, şeýdip zähmet çekmeseň, seniň eden işiň el ujy bolýar. Biziň gülleri ýetişdirmek işimizde-de arman, ýadaman zähmet çekmeli. Ýogsam garaşýan netijäňi gazanmak kyn. Bu ugurda köp ýyl zähmet çekip tejribe toplanlar: «Güle seretmek, çaga sereden ýaly kyndyr. Gül diýen zat juda näzik, ynjyk bolýar. Her bir etmeli zadyňy wagtynda etmeli» diýýärler. Bu, hakykatdanam, şeýle. Güllere ideg etmek işi az wagty talap edenok. Käbir güllere dokuz aý ideg etmeli bolýar. Şeýle gülleri fewral aýynyň aýaklaryna, mart aýynyň başlaryna ýörite niýetlenip ekilen ýerinden toprak ýere geçirmeli bolýar. Şondan dokuz aý geçenden soň, şu günler ýetişýär. Gowy gülleýär. Onsoň köçelere, edara binalarynyň ýanaşyk ýerlerine oturdylýar. Ol güller iki aýlap gülläp oturmaga ukyply.

Gülleriň möwsümleýin hem-de köpýyllyk görnüşleri bar. Möwsümleýin ekilýän güllerem her pasla görä ekilýär. Sebäbi olaryň häsiýetli aýratynlyklary bolýar. Käbir güller sowuk howa çydamly bolýar, käbiri bolsa yssa howada gülläp bilýär. Şoňa görä-de, gyş paslynda iwensew, wiola, kalendula, margarita, kelem gülleri, ýaz paslynda amarillis, çopantelpek, lýutik, sirena, tomusda sinerari, portulak, siniýa, kilimanjara hem-de güýz paslynda petuniýa, kakarantus, petuşok, hrizantema ýaly güller oturdylýar. Şeýle-de bägülleriň dürli reňkdäki görnüşleri hem-de ýaprakly, pürli agaçlar Arkadag şäheriniň gözelligine görk goşýar.

Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň giň şaýollarynyň, köçeleriniň, edara-kärhanalarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň töwereklerini güller bilen bezemek paýy bize nesip edendigine buýsanýaryn. Şäheriň görküne, gözelligine öz çeken zähmetiň bilen goşant goşmak guwandyryjy ýagdaý. Bize şeýle ajaýyp şäherde zähmet çekmäge, ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

2024-10-30222