TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, milli buýsanjymyza öwrülen türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek we gaýtalanmajak bu tohumy mundan beýläk-de kämilleşdirmek itşynaslyk babatdaky giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr. Siziň belleýşiňiz ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy tohum itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Türkmen alabaýlary eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Garaşsyz ýurdumyzda gözbaşy gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge, täze derejelere çykarmaga uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň merkezleriniň gurulmagy bilen, itşynaslarymyz üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Siziň tagallalaryňyz bilen milli buýsanjymyz bolan alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda hem uly işler alnyp barylýar.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siz alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, öý-ojagyň, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna hem öwrülendigini belleýärsiňiz. Bu gün alabaýlar türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisiniň, «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahatyň, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi türkmen alabaýynyň jemgyýetimizdäki we halkara giňişlikdäki ornuny has-da şöhratlandyrýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak we ösdürmek, alabaýlaryň sanyny artdyrmak, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmak, itleriň bu tohumyna tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmek, bu ugurda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde özüni görkezen hünärmenleri höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi bu ugurda edilýän tagallalara berilýän ýokary bahanyň anyk mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

2024-10-27348