Milli Liderimiziň Garaguma gadamy
19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Gahryman Arkadagymyz hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynda bolup, onuň töwereginde ugurdaş desgalaryň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe binalaryň döredilendigini, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde-de şähergurluşyk işleriniň dowam edýändigini aýdyp, Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek hem-de ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat beripdi. Şunuň bilen baglylykda, içeri işler ministri ýakynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimize Awtomobil sport toplumyny göçürmek boýunça degişli işleri ýerine ýetirmek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz bu babatdaky işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Gahryman Arkadagymyza bu ýerde toplumyň binalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we desgalaryň aýratynlyklaryna, enjamlaşdyrylyşyna, bezeg işlerine degişli taslamalar görkezildi. Awtomobil sport toplumynyň guruljak ýeriniň umumy meýdany 71 gektar bolup, ol paýtagtymyzdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda ýerleşýär. Toplumy gurmak üçin kesgitlenen künjegiň amatlydygyny belläp, Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow sport ulaglaryny synagdan geçirmek we tehniki mümkinçiliklerine baha bermek babatda tejribe toplan Milli Liderimizden Awtomobil sport toplumynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagyny synagdan geçirip bermegini haýyş etdi. Hormatly Arkadagymyz sport ulagyny dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Sport awtoulagy Milli Liderimiziň dolandyrmagynda sähra ýollary boýunça çylşyrymly menzilleri geçdi.
Soňky ýyllarda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyz sportuň adamlarda, aýratyn-da, ýaşlarda maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereket etmek endiklerini terbiýelemekde ähmiýetlidigini yzygiderli nygtaýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Aral sebitiniň ekologik derejesini ýokarlandyrmak babatda halkara giňişlikde bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, Aralýaka sebitinde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy bu ugurdaky işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli işleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.