Şadyýan pursatlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Durmuş neneň owadan,
Diýar neneň nurana!
Gel, Täze ýyl, şan berip
Bu döwletli döwrana.
Goý, täze, 2025-nji ýyl rysgal-bereketli, düşümli-döwletli ýyllaryň biri bolsun! Türkmeniň döredijilik gudraty bolup dünýäde tanalýan Arkadag şäheri güllesin, gül açsyn, üstünlikleri üstünliklere ulaşsyn!
Gahryman Arkadagymyzyň sungat eseri bolan abraýly «akylly» şäheriň mertebeli menzilleri dowamat-dowam bolsun!
Ine-de, gyş paslynyň ajaýyp günleri. Çawy dünýä ýaýran Arkadag şäheri täze ýylyň bosagasynda. Şäheriň Täze ýyl Baş arçasy gözüňi egleýär, kalbyňy dokundyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde şäher öňkülerden hem görklenip, ertekileri ýatladýar. Töwerek-daş, gör, nähili owadan! Täze ýyl bezegleri tebigy gözellik bilen sazlaşyp, gözel görnüşi emele getirýär.
«Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada gurlan Baş arçanyň töweregi diýseň köp adamly. Bu ýerde şatlyk-şowhun döredýän ýaş Arkadaglylar, şäheriň gözelligini synlamaga gelen myhmanlar özboluşly baýramçylyk howasyny döredýär, dürli görnüşli yşyklar bolsa şäheriň gözelligini artdyrýar. Çagalar ýylgyryşyp, Aýazbabadyr Garpamyk bilen surata düşýärler, aýdym aýdyp, tans edip, arçanyň daşyndan aýlanýarlar. Olar bu jadyly pursatlaryň hemişelik ýatda galmagyny isleýär we bu şeýle-de bolýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni üstünliklere, belent sepgitlere beslendi. Ildeşlerimiziň ýüzlerçesi Arkadag şäherinden täze öýli boldular, zähmet ýoluna başladylar. Munuň üçin bagtyýar Arkadaglylaryň senaly dillerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş bar.