
Arkadagyň şöhratly şäheri
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Gadymy Ahal topragynda taryh üçin juda gysga döwürde döredilen Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy hem-de guwanjydyr.
14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, şeýle-de Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy.
Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň adyndan Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän günlerinde mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglary bilen tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. D.Orazow Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherinde iş saparynda bolup, şol ýerde Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyny we güwänamalary alyp gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol täze şäheriň binagärlik, ekologik derejesi bilen bagly berlen baýragy, degişli güwänamalary görkezdi we Gahryman Arkadagymyzy täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýan bu çözgüt bilen gutlady. Arkadag şäheri hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda görüljek çäreler barada bu ýerde goýlan şekil taslamalarynyň üsti bilen hasabat berdi.
Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalar, Arkadag şäherinde Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa halkymyzdan gelip gowuşýan köp sanly teklipleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzdan 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklibi Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirip bermegi haýyş etdiler.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig Türkmen» kompaniýasynyň Baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.