
Baýramçylyk dabarasy
8-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar.
Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, rus dillerindäki aýdymlar ýaňlandy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji mart — Halkara zenanlar gününi giňden dabaralandyrýan dünýä bileleşigi bilen jebisleşmegiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň dabara sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda gatnaşyp, mährem zenanlary Halkara zenanlar güni bilen gutlamagy çäräniň esasy wakasyna öwrüldi. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, eziz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
«Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. Mähriban zenanlarymyz, türkmeniň maşgala ojaklarynyň siziň bilen, siziň edep-terbiýäňiz bilen dowamat-dowamdygyny unutmaly dälsiňiz!» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we maşgalanyň binýadyny berk saklamakda, çagalara mynasyp terbiýe bermekde, olary dogry durmuş ýoluna ugrukdyrmakda zenanlara örän uly ornuň degişlidigini belledi.
Milli Liderimiz zenanlarymyzyň durmuşda göterýän ýüküniň, borjunyň asla ýeňil däldigine ünsi çekip, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň aňyrdan gelýän, inçeden sünnäläp bize ýetiren baý mirasyny, edep mekdebini, milli gymmatlyklaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zenanlara baglydygyny nygtady. «Şoňa görä-de, hemişe asylly däplerimizden ugur alyp, maşgala ojaklaryňyzyň bagtyýarlygyna guwanyp, gadyryny bilip ýaşamak size miýesser etsin! Pursatdan peýdalanyp, sizi ýene-de bir gezek ajaýyp bahar baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, nurana ýüzli mähriban ene-mamalarymyzyň, bagtyýar gelin-gyzlarymyzyň, eziz uýalarymyzyň güler ýüzi hiç haçan solmasyn!» diýip, Gahryman Arkadagymyz arzuwlaryny beýan etdi.
Dabara gatnaşyjylar Milli Liderimiziň Gutlagyny we hoşniýetli arzuwlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.