
Aýlaryň ýagşysynda datly nygmat
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan mukaddes Oraza aýy mynasybetli iberen hurmalary gowuşdy.
Milli Liderimiziň tagallalary bilen her bir baýramçylyklarda ýa-da şanly senelerde çagalara nygmatlaryň, sowgatlaryň gowşurylmagy ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller baradaky yzygider aladalardan habar berýär. Bu indi türkmençilik ýörelgelerimizden ugur alýan asylly däp bolup galdy. Mukaddes Remezan aýynyň bereketli nygmaty bolan hurmanyň bu aýda päk göwünli çagalara gowşurylmagynda hem uly many bar. Dabara merkezde zähmet çekýän lukmanlaryň, terbiýeçileriň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Çagalar özlerine sowgat hökmünde gowşurylan süýji nygmaty Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklary bilen kabul etdiler.
Milli Liderimiz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle aýratyn hormat, söýgi bilen garaýar. Olaryň geljeginiň ajaýyp günlere beslenmegi ugrunda döwletli işleri amala aşyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýaş nesliň aladasy bu günki günde hormatly Prezidentimiziň dowam etdirmeginde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Gadymdan gelýän sahawatlylyk ýolunda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan halkymyzda geljegiň eýeleri bolan çagalaryň berk bedenli, milli terbiýeli bolup ýetişmekleri ileri tutulýar. Pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerilip, Watanymyzda zähmetsöýer, watançylyk ruhda terbiýeli ýaş nesli kemala getirmekde edilýän tagallalar bu günki gün diňe bir ýurdumyzda däl-de, dünýäde dabaralanýar.
Durmuş goldawyna hem-de howandarlyga mätäç bolan çagalaryň geljegi, has takygy, olaryň ykbaly hakda edilýän aladalar her bir adamy buýsandyrýar. Şeýle aladalaryň gözbaşy Milli Liderimiziň parasatly paýhasyndan gözbaş alýar. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirilen bejeriş işleri hem-de operasiýalar aýdanlarymyza doly delildir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem-de Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde bejergi alyp saglygy gün-günden gowulaşan, gowulaşýan çagajyklaryň ata-eneleri Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan edýärler.
Dabarada körpe nesiller özleri hakda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýdymlar, goşgy setirleri bilen aýtdylar.