TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Akylly» şäherde işler ileri

«Akylly» şäherde işler ileri

Öňňin Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Onda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki aýyň jemine bagyşlanyp geçirilen bu maslahata Arkadag şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bu ýerde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Arkadag şäherinde häzirki wagtdaky dürli ugurlar boýunça işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlardyr çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän asylly döwlet syýasatynyň netijesinde uly ösüşleriň we özgertmeleriň, möhüm wakalaryň dünýä ýüzüne ýaň salýandygy, halkara ähmiýetli tagallalaryň üstünlikli dowam edýändigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýeti, «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýerine ýetirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň egsilmez yhlasy we taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz Garaşsyz Türkmenistan bu günki gün bütin dünýäde gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iri taslama, ulanmaga berilýän we gurulýan desgalaryň esasy maksady milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde geçen iki aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerinden Garaşsyz döwletimiziň şu ýylda hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini belledi. Şonuň bilen baglylykda, çykyş edenler «döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has hem kämilleşdirmek we döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen guwandyryjy işler alnyp barylýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem «akylly» şäheriň çäginde ekologiýa abadançylygynyň dabaralanýandygy, bu gözel künjekde dürli bag nahallarynyň ekilip, tokaý zolaklarynyň döredilýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «akylly» şähere amala aşyrýan iş saparlaryndaky berýän tabşyryklaryna laýyklykda, ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy we netijeleri hakynda aýdylanlar maslahatyň esasyny düzdi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly depginler bilen dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleri hemişe gözegçilikde saklaýar. Şäheriň ikinji tapgyrynda guruljak desgalaryň taslamalary bilen içgin gyzyklanyp, «akylly» şähere iş saparlaryny amala aşyrýar. Şonuň esasynda hem täze şäheriň özboluşly we gaýtalanmajak keşbi kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyz täze, döwrebap şäheriň çäginde türkmen telekeçileri tarapyndan bina edilýän ähli gurluşyk işlerinde milli ýörelgelerimize eýerilmelidigini hem-de her bir gurulýan desganyň bezeg işlerinde döwrüň talabyna görä işleriň alnyp barylmalydygyny nygtap, bu babatda özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär.

Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň degişli derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmajaklaryny ynandyrdylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bedew bady bilen ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzy ýagty geljege atarýan, halkymyzy abadan, bolelin durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

2025-03-1210