
«Arkadag» topary AFK-nyň ýarym finalynda
Mälim bolşy ýaly, 5-nji martda «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek final tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny Hindistanyň Kalkutta şäherinde ýurduň «Ist Bengal» topary bilen geçirip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça nusgalyk işleriniň halkara derejede rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy.
Hindileriň «Ist Bengaly» milli we halkara derejedäki ýaryşlarda 180-den gowrak kubogy muzeýinde hatarlap bilen topar.
Düýn halkara ýaryşyň duşuşygyny ilkinji gezek kabul eden «akylly» şäheriň on müň orunlyk stadiony janköýerlerden doldy. Bu duşuşyk Arkadaglylaryň öz meýdançasynda halkara derejedäki ilkinji oýny. Topar öň AFK-nyň Çagyryş ligasynda dört duşuşyk geçiripdi. Ýöne toparçadaky üç duşuşyk merkezleşdirilen görnüşde Kuweýtde geçirilen bolsa, dördünjisi düýnki garşydaşy bilen myhmançylykdaky oýnudyr.
Oýnuň ilkinji minutlary myhmanlar toparynyň oýunçysy Messi Bouliniň goly bilen başlady. Şondan soň umumylykda hasaby deňlän hindi futbolçylary goragy berkitmegiň aladasynda boldular. «Ist Bengalyň» oýunçylary hem goragda ätiýaçly oýnadylar, hem garşylykly hüjümleri guradylar. 34-nji minutda «Arkadag» toparyndan Şanazar Tirkişow myhmanlaryň derwezeçisi bilen ýeke-ýekä çykmaga amatly pursat tapdy. Emma myhmanlardan Çungnunga oýnuň düzgünini bozup, hüjüme päsgel berdi. Ol liwanly emin Şeýh Ahmad Alaeddiniň görkezen ikinji sary peteginden soň, meýdançadan çykmaly boldy. Ikinji ýarymdaky oýunçy çalşyklaryndan soň oýun düýpgöter özgerdi, üstünligi doly ele alan ýerli topar yzygiderli okgunly hüjüme geçdi. Şeýle-de bolsa «Arkadag» toparyna deňlik getiren goly 88-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew öz adyna ýazdyrdy. Ol eminiň «Ist Bengalyň» derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs urmagy başardy. Şondan soň bu duşuşykda artykmaçlyk gazanmak üçin goragy ahmal goýan myhmanlar oýnuň goşmaça minutlarynda derwezesinde ýene bir gol gördüler. Bu gezek hem janköýerleriň joşgunly şowhunyna sebäpkär A.Annadurdyýew boldy. Şeýlelik bilen, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Arkadag» topary eminiň oýnuň tamamlanandygyny yglan edýän jürlewiginden soň, ýeňşini baýram etdi.
«Arkadag» topary AFK-nyň ýarym finalynda. Indiki garşydaş topary bolsa Kuweýtiň «Al-Arabi» we Omanyň «Al-Sib» jübütiniň ýeňijisi bolar.
Döredilenine kän wagt bolmadygam bolsa milli duşuşyklaryň ählisinde ýeňiş gazanan «Arkadag» toparyna indiki halkara duşuşyklarynda hem üstünlikleri arzuw edýäris.