Keramiki önümleri öndürýän täze kärhana
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze möhüm desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bar. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli mübäreklediler. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obalar, şäherler gurulýar. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny sazlaşykly ösdürmäge, kärhanalarda öndürilýän gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge uly üns berilýändigini belledi.
Kuwwaty bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny, şeýle hem 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer. Bu ýerde ýerleşdirilen ekranda Bäherden keramiki önümler kärhanasy bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. Soňra Italiýa Respublikasynyň «SACMI Imola Societa Cooperativa» kompaniýasynyň wekili Micele Pulpito söz berildi. Kompaniýanyň wekili Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen hormatly Prezidentimizi we ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, bu gün açylýan zawodyň Türkmenistanda şeýle önümleri öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we döwrebap kärhanalaryň biri bolup durýandygyny belledi. Myhman pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze kärhana degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde gurlan sergi binasyna bardy we ol ýerde keramiki bezeg plitalarynyň we sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Sergi binasynda kärhananyň hünärmeni döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze kärhananyň işine ak pata bermek barada haýyş bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, iri senagat desgasyny işe girizdi.
Täze toplum bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.