
Gapyňyzda toý bolsun!..
Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa Arkadag şäheriniň häkimi, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, bilim işgärleri, talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Ir säher Muhammet Ataýew köçesinde ýerleşýän 5 gatly 30 öýli ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdança toý şowhunyna beslendi. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly çykyşlary bilen başlanan, ýaňlanan aýdymlar asuda Diýarymyzyň gülläp ösüşiniň, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň alyp barýan döwletli işleriniň waspyny ýetirdi.
Dabarada çykyş edenler halkymyzyň bähbidine gönükdirilen her bir işiň hemişe üstünliklere beslenýändigini, her ýyl giňden bellenip geçilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjünde köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilýändigini, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyşynyň toý-dabaralara beslenip geçirilýändigini aýratyn nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan şeýle asylly işleriň dünýä ýüzünde öz mynasyp ornuny tapýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Aýbölek TÄJIÝEWA,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işgäri:
— Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň ähli ýerinde şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bu baýramçylyk biziň maşgalamyza goşa baýram, goşa toý bolup gelip, ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Indi her ýylda däbe öwrülen köp çagaly maşgalalara Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýy berilýär. Bu bolsa mähriban zenanlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. Biziň maşgalamyza Arkadag şäherindäki döwrebap ýaşaýyş jaýyndan 4 otagly täze öýli bolmak bagty nesip etdi. Uly dabara, şatlyk-şowhuna beslenen Halkara zenanlar gününde täze ojagymyzda toý tutduk. Abadan ýurdumyzda bagtdan paýly bolandygymyza çäksiz buýsanýaryn.
Halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ildeşlerimiz bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýarlar. Şonuň üçin bagtdan paýly, söýgüden serpaýly adamlar ata Watanymyzyň gülläp ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Biz hem bu eşretli durmuşymyz üçin halal zähmetimizi gaýgyrmarys. Şeýle gowy durmuşy bize peşgeş beren, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan täze öýli bolmak bagtyna miýesser eden Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Ogulsenem ANNAMÄMMEDOWA,
Arkadag şäheriniň häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Kärizek etrap arassaçylyk bölüminiň işgäri:
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly abadan ýurdumyza, galyberse-de, biziň maşgalamyza toý şatlygy bilen geldi.Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarymyzda Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenildi. Bu baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny berdi. Sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakdy. Şol bagtdan paýly bolmak nesibämiz bar eken. Biziň muňa begenjimiziň çägi ýok. Ähli dogan-garyndaş, dost-ýar hemmesi jaý toýumyzy gutlamaga geldiler. «Ýurt garşy alsyn!», «Toýly jaý bolsun!» diýip, her kim ýagşy arzuw bilen gutlaýar. Häzirki döwrüň ähli amatlyklaryny özünde jemleýän şeýle jaýlar hemmä nesip etsin.
Täze jaýly bolmak bagty rysgal-bereketden nyşandyr. Köpetdagyň eteginde bina edilen şäheriň gaýtalanmajak gözelligi göwnüňi galkyndyrýar. Sebäbi bu ýerde döredilen şertler ulular üçinem, çagalar üçinem örän oňaýly. Bu ýerde sport bilen meşgullanmaga hem mümkinçilik döredilen. Asuda, abadan ýurdumyzda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga hemme şertler bar. Toýly günlere baý Watanymyzda çeken zähmetiň öz rehnetini hem görkezýär. Öz halky üçin yhlasyny gaýgyrman aladalary edýän hem-de täze öýli bolmak bagtyna ýetiren Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize maşgalamyzyň adyndan tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýaryn.